SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna saýlanyldy
2025-nji ýylyň 4-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 75-nji umumy mejlisinde Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň 2026-2028-nji ýyllar döwri üçin agzalygyna saýlanyldy. ECOSOC Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň ulgamyna girýän edaralaryň ykdysady we durmuş işini utgaşdyrmaga jogapkär esasy düzümleriň biri bolup durýar. ECOSOC durnukly ösüşiň üç ölçegini – ykdysady, durmuş we daşky gurşaw ölçeglerini ilerletmekde BMG-niň ulgamynd...
Berlin şäherinde «Innowasiýanyň we sungatyň ussatlary: türki halkarynyň dünýa ylmyna we medeniýetine goşandy» atly medeni çäre geçirildi
2025-nji ýylyň 3-nji iýunynda Berlin şäherinde Azerbaýjan medeniýet merkeziniň binasynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Ilçihanalarynyň bilelikde gurnamagynda «Innowasiýanyň we sungatyň ussatlary: türki halkarynyň dünýa ylmyna we medeniýetine goşandy» atly medeni çäre geçirildi. Çärä TÜRKSO...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Palestina Döwletiniň Ilçisi bilen duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hossein Ali Mostafa Gannam bilen duşuşyk geçirdi. Söhbetdeşligiň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-palestina gatnaşyklarynyň meselelerine deglip geçildi. Diplomatlar döwletleriň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara guramalarynyň çäkleri...
Türkmenistanyň DIM-de HHR-iň Kompartiýasynyň MK-niň Wagyz işleri boýunça bölüminiň başlygynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Wagyz işleri boýunça bölüminiň başlygynyň orunbasary Hu Hepiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ählitaraplaýyn strategiki häsiýete eýe bolan we netijeli ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyna garadylar. Şunda, iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde iň ýokar...
Monako Knýazlygynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady
2025-nji ýylyň 30-njy maýynda Monakonyň Şazadasynyň köşgünde Türkmenistanyň Monako Knýazlygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Pariž ş.) Maksat Çaryýewiň Monakonyň Şazadasy Alber II-ä ynanç hatlaryny gowşuryş dabarasy geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda Ilçi Şazada Alber II-ä Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamlaryny we iň oňat arzuwlar...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynyň Başlygy bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 2-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet saparynyň çäklerinde Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynyň Başlygy Daşzegwiýn Amarbaýasgalan bilen duşuşdy. Mongoliýanyň parlamentiniň ýolbaşçysy belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyň giňden ösdürilmegine gönükdirilen döredijilikli, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistanyň döwlet Baştutany bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Şunuň bilen baglyl...
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda gepleşikler geçirildi
2025-nji ýylyň 2-nji iýunynda Ulan-Batorda Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde iki ýurduň döwlet Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda gepleşikler geçirildi. Çäkli düzümde geçirilen gepleşikleriň başynda dostlukly ýurduň Baştutany belent mertebeli myhmany mongol topragynda mähirli mübärekläp, Mongoliýa döwlet sapary bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Prezident Serdar Berdimu...