img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASY - BERLIN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynyň umumy pikir alyşmalarynda çykyş etdi

photo

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew BMG-niň Baş Assambleýasynyň Ýokary derejeli hepdeliginiň çäginde geçirilen 81-nji sessiýasynyň umumy pikir alyşmalarynda çykyş etdi.

W.Hajiýew öz çykyşynyň başynda Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan dünýä ýurtlarynyň halklaryna mähirli salamyny, şeýle-de parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Hemişelik wekil BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň çäginde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny we öňe sürýän başlangyçlaryny giňişleýin beýan etdi.

Türkmenistanyň çemeleşýän anyk ýörelgeleri bolup dialog parahatçylygyň kepili, özara ynanyşmak we amaly hyzmatdaşlyk diýilip bellenilip geçildi.

«Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň halkara hyzmatdaşlygyň umumy we kanuny binýady bolmagynda galýandygyna, şeýle hem parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş babatda bähbitleri utgaşdyrmagyň we çözgütleri işläp taýýarlamagyň esasy mehanizmi hökmünde hyzmat etmegini dowam etdirmelidigine ynanýar» diýip, W.Hajiýew nygtady.

Hemişelik bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasynyň ýörelgelerine eýerip, Türkmenistan «BMG-niň Dialogyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň onýyllygy», Halkara gatnaşyklarda we diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça halkara kodeksi we «Aşgabat howa dialogyny» döretmek ýaly başlangyçlary öňe sürýär.

Türkmenistan durnukly ulag we ulag arabaglanyşygy, halkara hukugy hem-de howanyň üýtgemegine durnuklylyk meselelerine aýratyn ähmiýet berýär.

Çykyşda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ynsanperwer ölçegine bolan çemeleşmesi hem bellenildi. Ýurt «Aýallar, parahatçylyk we howpsuzlyk» gün tertibini durmuşa geçirmegi dowam etdirer, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyny ösdürmek, BMG-niň Parahatçylyk döredijilik boýunça komissiýasy we «BMG-Aýallar» düzümi bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly bu ugurdaky işleri ilerleder.

Şeýle hem Türkmenistan «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» gün tertibine laýyklykda ýaşlaryň halkara we sebit derejesindäki parahatçylyk başlangyçlaryna has giň we amaly gatnaşmagyna ýardam etmegi maksat edinýär.

Çykyşyň doly teksti bilen şu salgylanma arkaly tanşyp bilersiňiz: https://un.mission.gov.tm/ru/news/165996.