img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASY - BERLIN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Maýa goýum forumy Aşgabatda dowam edýär

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Maýa goýum forumy öz işine başlady.

Türkmenistanyň Daşary işler hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleri tarapyndan guralýan forum döwlet düzümleriniň, halkara maliýe institutlarynyň we guramalarynyň, öňdebaryjy kompaniýalaryň ýokary derejeli wekillerini hem-de bilermenlerini gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň işi «Maýa goýum işjeňligi — ykdysadyýetiň depginli we durnukly ösüşiniň esasy şerti» atly plenar mejlis bilen badalga aldy. Onuň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.

Mejlisde çykyş eden ýurdumyzyň wekilleriniň belleýşi ýaly, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda köpugurly ykdysadyýet kemala getirilýär, senagat düzümi diwersifikasiýalaşdyrylyp, öňdebaryjy ylmy tehnologiýalara esaslanýan gaýtadan işleýän täze kärhanalar hem-de toplumlar döredilýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýakynda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Karary bilen, «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy. Onda milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak boýunça uzak möhletleýin wezipeler kesgitlenilýär.

Mejlisde dostlukly döwletleriň wekilleriniň çykyşlarynda bellenilşi ýaly, Türkmenistanyň maýa goýum babatda özüne çekijiligi diňe bir tebigy serişdeler bilen däl, eýsem, işewürlik üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen çuňňur oýlanyşykly döwlet syýasaty bilen hem şertlenendir.

Dostlukly döwletleriň wekilleriniň çykyşlarda belleýşi ýaly, Türkmenistanyň başlangyçlary we durnukly ösüşde alyp barýan Bitaraplyk we ynanyşmak diplomatiýasy diňe bir syýasy taýdan däl-de, ykdysady taýdan hem halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam edýär.

Soňra Türkmenistanyň maýa goýum forumy ýörite mejlislerde dowam etdi.

Halkara maýa goýum forumynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Türkmenistanyň döwlet düzümleri we hususy kärhanalary bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi.

Türkmenistanyň maýa goýum forumy 2-nji oktýabrda öz işini tamamlar. Onuň ikinji gününde «Ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň strategik ugry. Halkara maliýe guramalary we ösüş boýunça hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlyk», «Wirtual aktiwleri düzgünleşdirmek we maýning tehnologiýalaryny ornaşdyrmak», «Innowasiýalar, maliýe tehnologiýalary. Durnukly ösüşiň bähbidine sanly we «ýaşyl» özgertmeler» atly mejlisler hem-de «Maýa goýumlaryň hukuk taýdan düzgünleşdirilişi» atly ugurdaş maslahat geçiriler.