SOŇKY HABARLAR
Sankt-Peterburgda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň bilelikdäki başlyklarynyň duşuşygy geçirildi
Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň bilelikdäki başlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnulliniň duşuşygy geçirildi. «Rus-türkmen gatnaşyklary ynanyşmak we hyzmatdaşlyk ruhunynda ösdürilýär. Golaýda geçirilen KazanForum-a türkmen tarapynyň aýratyn ähmiýet berendigi we oňa türkmen halkynyň...
Türkmenistanyň Prezidenti Palestina Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisini kabul etdi
2025-nji ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Rana Abu Hijlehi kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirip, parahatçylyk döredijilikli daşary syýasaty bilen halkara giňişlikde uly abraýa eýe bolan Türkmenistanda ýurduna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny...
Türkmenistan we ÝB sebit howpsuzlygy hem-de Owganystanyň ösüşi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar
2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda adam hukuklary boýunça dialogyň 17-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ýewropanyň daşarky syýasat işi gullugynyň Aziýa ýurtlary boýunça direktory Paola Pampaloniniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda hususan-da Owganystandaky ýagdaýlar bilen baglylykda sebitleýin howpsuzlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy bitaraplyk, hoşniýetli...
Palestinanyň Ilçisi Türkmenistanyň DIM-de ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2025-nji ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Palestina Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Rana Abu Hijleh bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. R.Meredow Palestinanyň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan ýardamlary we goldawy bermäge taýýardygyny beýan etdi. Gepleşikleriň bar...
Türkmenistan Eýrandan gelýänlere ynsanperwerlik goldawyny bermegi dowam edýär
Türkmenistan Eýrandan gelýän daşary ýurt raýatlary üçin 24 sagatlyk ynsanperwerlik geçelgesini üpjün edýär. Häzirki wagtdaky ýagdaýa görä, Hindistanyň, Hytaýyň, Pakistanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlary bolan ýüzlerçe adam barlag-goýberiş nokatlary arkaly Türkmenistanyň döwlet serhedinden geçdi. Türkmen häkimiýeti bu raýatlar üçin üstaşyr geçişi üpjün edip, olaryň öz Watanyna dolanmagyna ýardam edýär. Bu iş Aşgabatdaky daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalary bilen hyzmatdaşlykda amala...
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa - Hytaý” ikinji sammitine gatnaşdy
2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilýän “Merkezi Aziýa-Hytaý” sammitine gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Sammitiň öňüsyrasynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. “Garaşsyzlyk” köşgünde Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Bilelikde surata düşmek d...
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz we HHR-iň Başlygy mähirli salamlaşyp, “Merkezi Aziýa - Hytaý” sammitiniň çäklerinde duşuşmaga we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Si Szinpin Hytaýda Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara we özara bähbitli...