SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň ýardam bermegi bilen 4000-e golaý adam Watanyna dolanyp geldi
Türkmenistan ynsanperwer geçelgeleri arkaly Eýrandan gelýän daşary ýurt raýatlarynyň päsgelçiliksiz üstaşyr geçmegini üpjün edýär. Ýakyn Gündogarda emele gelen ýagdaý bilen baglylykda şu güne çenli 52 sany döwlet öz raýatlarynyň Watanyna dolanmagyna ýardam bermek haýyşy bilen Türkmenistana ýüz tutdy. Ähli haýyşnamalar daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalary bilen hyzmatdaşlykda haýal etmän işlenilýär.
Türkmenistanyň we Gresiýa Respublikasynyň daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry geçirildi
2025-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň we Gresiýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Gresiýanyň wekiliýetine Gresiýanyň Daşary işler ministrliginiň Russiýa, Ukraina, Kawkaz, Gara deňiz we Merkezi Aziýa boýunça müdirliginiň direktory Dimitrios Mihalopulos ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn gün tertibi boýunça konst...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen toparlarynyň başlyklarynyň duşuşygy
2025-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon toparynyň başlygy Raşid Meredow bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen toparynyň başlygy, «Itochu Corporation» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Hiroýuki Subaýyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iň ýokar...
Watikanyň Türkmenistandaky Apostol Nunsiaturasynyň Medeniýet meseleleri boýunça Attaşesi bilen duşuşyk
2025-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabatda işini tamamlaýan Watikanyň Türkmenistandaky Apostol Nunsiaturasynyň Medeniýet meseleleri boýunça Attaşesi Anjeý Madeý bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda Daşary işler ministri Türkmenistan bilen Keramatly Tagtyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary öňe itermekde goşan şahsy goşandy üçin jenap Madeýe minnetdarlyk bildirdi, Öz gezeginde jenap Madeý Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine...
YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen biragyzdan karanama kabul edildi
2025-nji ýylyň 21-22-nji iýunynda Türkmenistanyň wekiliýeti Stambulda geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Duşuşykda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylmy ugurlary öz içine alýan möhüm meseleler boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Duşuşygyň gün tertibinde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlarda parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi berkitmek, şeýle hem döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly meselelere...
KHBS üçin maglumat. Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýolbaşçylygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2025-nji ýylyň 22-nji iýunynda amerikan tarapynyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň birinji orunbasary Kristofer Landaunyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, durmuş-medeni we beýleki ugurlarda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň uzakmöhletleýin oňyn tejribesini aýratyn bellediler. Iki döwletiň daşary...
Türkmenistanyň barlag-goýberiş nokatlary gije-gündiziň dowamynda işleýärler
Häzirki wagtda Eýrandan çykýan raýatlarynyň geçmegi üçin ýardam bermek haýyşy bilen 50-ä golaý döwletler Türkmenistana ýüz tutdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň barlag-goýberiş nokatlary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Russiýanyň, Koreýanyň, BAE-niň, Saud Arabystanynyň, Omanyň, Bahreýniň, Kataryň, Kuweýtiň, Germaniýanyň, Şweýsariýanyň, Daniýanyň, Beýik Britaniýanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlary bolan 2000-den gowrak adamy kabul etdiler. Türkmen döwleti ýurdumyzyň gury ýer geçelgeler...