SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň arasynda duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini, şeýle hem ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň milli ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinç...
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
2026-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Adalat köşgüniň mejlisler zalynda “Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Foruma ýurdumyzyň Mejlisiniň, Daşary işler ministrliginiň we beýleki degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky D...
Gruziýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Batumi şäherinde Gruziýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň — Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy, söwda-ykdysady we ulag-energetika ulgamlarynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Merkezi Aziýa bilen Gara deňiz sebitini birleşdirýän ulag-üstaşyr g...
Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi
2026-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Aşgabat şäherindäki BMG-niň binasynda her ýyl 24-nji oktýabrda BMG-niň Tertipnamasynyň güýje giren gününiň hormatyna bellenilýän Birleşen Milletler Guramasynyň gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy tarapyndan guralan çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin h...
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly halkara maslahat we sergi
2026-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 31-nji gezek «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçirilýän halkara maslahatyň we serginiň guramaçylary bolup çykyş etdiler. Hemmeler Prezident Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2...
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Mejlisiň dowamynda sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy, şeýle hem söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika we beýleki ugurlard...
«Ene tebigat» atly halkara sungat sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Aşgabatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewanyň gatnaşmaklarynda we gurnamaklarynda “Ene tebigat” atly halkara sungat sergisiniň açylyş dabarasy b...