SOŇKY HABARLAR
Brýussel şäherinde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda adam hukuklary boýunça nobatdaky dialog geçirildi
2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda Brýussel şäherinde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda adam hukuklary boýunça dialogyň 17-nji mejlisi geçirildi. Mehanizmiň çäginde adam hukuklary babatynda hereketleriň milli meýilnamalarynyň durmuşa geçirilmegini, hukugyň hökmürowanlygyny berkitmegi, gender deňligini üpjün etmegi we halkara düzümlerde hyzmatdaşlygy öz içine meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary A...
Türkmenistan bilen Gonduras Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy
2025-nji ýylyň 12-nji iýunynda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynda Türkmenistan bilen Gonduras Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Bilelikdäki komýunike gol çekişlik dabarasy geçirildi. Gol çekişlik dabarasyndan öň Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa bilen Gonduras Respublikasynyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Meri Elizabet Floresiň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar iki ýurduň a...
Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady
2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilýän «Merkezi Aziýa - Hytaý» sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Biraz wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bekte...
Türkmenistanda Sloweniýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady
2025-nji ýylyň 16-njy iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Alenka Suhadolnikden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi hoşniýetli s...
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen ynsanperwer ugurda ýakyn hyzmatdaşlyk edýär
2025-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy, häzirki wagtda BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetirýän Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG we onuň edaralary bilen alyp barýan gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Türkmenista...
Türkmen-slowen hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Sloweniýa Respublikasynyň Daşary we Ýewropa işleri ministrliginiň Döwlet sekretary Marko Ştusin bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkmenistan bilen Sloweniýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibindäki meseleler, halkara guramalaryň çägindäki özara gatnaşyklar, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. *** Soňra Türkmenistanyň we Sloweniýany...
Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy
2025-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Alenka Suhadolnik bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. M.Bäşimowa Ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde gerekli goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi. Soňra taraplar syýasy-diplomatik, söwda...