RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
30 Sen

Türkmenistanyň Prezidentiniň Nýu-Ýork şäherine iş sapary başlady

2018-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş sapary bilen ugrady. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Birşelen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde çykyş etmegine, hem-de Türkmen-Amerikan işewür maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar.

DOWAMY
pic
28 Sen

Türkmenistanda Garaşsyzlyk güni bellenildi

2018-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Türkmenistanda baş döwlet baýramy — Garaşsyzlyk güni uly we köpöwüşginli dabaralar bilen bellenildi. Ýurdumyzyň baş meýdany Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli esasy dabaralaryň geçirilen ýerine öwrüldi. Bu ýere aşgabatlylaryň müňlerçesi hem-de ýurdumyzyň we dünýäniň dürli künjeklerinden gelen köp sanly myhmanlar ýygnandylar. Münberde hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň...

DOWAMY
pic
28 Sen

PRESS-RELIZ

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi 2018-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň işe başlamagy we onuň ilkinji mejlisini geçirmek baradaky başlangyjy 2017-nji ýylyň oktýabrynda Ahal welaýatynda geçirilen Ýaşulularyň Maslahatynda doly goldandy. Halk Maslahatynyň birinji Mejlisin...

DOWAMY
pic
24 Sen

PRESS-RELIZ

2018-nji ýylyň 29-njy sentýabry – 2-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş saparyny amala aşyrar. Türkmenistanyň Prezidentiniň saparynyň maksatnamasyna laýyklykda ýokary derejedäki duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle hem ýurduň ýolbaşçysynyň tabşyryklaryna laýyklykda Türk...

DOWAMY
pic
22 Sen

Сообщение для СМИ

Министерство иностранных дел Туркменистана выразило таджикской стороне свое непонимание в связи с появившимся в средствах массовой информации заявлением Чрезвычайного и Полномочного Посла Республики Таджикистан в Республике Узбекистан господина Имоми Содик Ашурбойзода о том, что Душанбе намерен «отложить до лучших времен» идею строительства железной дороги Туркменистан-Афганистан-Таджикистан. Комментарии туркменской стороны по вышеназванному заявлению таджикского дипломата в официальном поряд...

DOWAMY
pic
21 Sen

Türkmenistanyň paýtagtynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXI maslahaty boldy

2018-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň paýtagtynda Dün­ýä türk­men­le­ri­niň yn­san­per­wer bir­le­şi­gi­niň XXI mas­la­ha­ty geç­irildi. DTYB-nyň XXI mas­la­ha­ty­nyň işi­niň öňü­sy­ra­syn­da oňa gat­na­şy­jy­lar Ga­raş­syz­lyk bi­na­sy­na gül des­se­le­ri­ni goý­du­lar. Soň­ra “Me­kan” köş­gün­de mas­la­ha­tyň da­ba­ra­ly açy­ly­şy bol­dy. Oňa hö­kü­met ag­za­la­ry, Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry, da­şa­ry ýurt­lar­da­ky türk­men kow­çum­la­ryn­dan wekiller, DTYB-nyň to­par­la­ýyn...

DOWAMY
pic
20 Sen

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisine gatnaşar

2018-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisine gatnaşmak üçin iş sapar bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine gitmegine garaşylýar. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýokary derejede geçiriljek mejlisiniň belent münberinden çykyş etmegi göz öňüne tutulýar. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň saparynyň maksatnamasyna laýyk...

DOWAMY