SOŇKY HABARLAR
Gyýanly Polimer toplumynyň innowasionlygy we netijeliligi halkara şahadatnamalary bilen bellenildi
2018-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Gyýanly gazhimiýa toplumynyň açylyş dabarasynda täze önümçiligiň netijeliligi, innowasion we ekologiki taýdan howpsuzlygyny tassyklaýan şahadatnamalary gowşuryş dabarasy boldy. Kärhanada ýylda 386 müň tonna ýokary dykyzlykly polietilen we 81 müň tonna polipropilen öndüriljek 5 milliard kubmetr gaz gaýtadan işleniler. Innowasion tehnologiýalar esasynda işleýän bu kärhananyň aýratyn ünsi daş-töwrege akdyrylýan gazlaryň täze filtrasiýalarynyň we olaryň geljek...
Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Gyýanlyda gazhimiýa toplumy açyldy
2018-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda ir säher bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow polietileni we polipropileni öndürmek boýunça sebitde iň iri gazhimiýa toplumy bolan polimer zawodynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Gyýanly şäherçesine bardy. Bu dabara hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň baştutanlary, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň we missiýalaryň, şeýle hem daşary ýurt kompa...
Daşary işler minstrliginde Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda beýan eden başlangyçlaryny durmuşa geçirmeklige bagyşlanan duşuşyk geçirildi
2018-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Daşary işler minstrliginde Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda beýan eden başlangyçlaryny durmuşa geçirmeklige bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, syýasatşynaslar, Türkmenistanda akkreditirlenen halkara guramalaryň we Ilçihanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ş...
Aşgabatda Aziýa - Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisi geçirilýär
2018-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda türkmen paýtagtynda Aziýa-Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisi dabaraly ýagdaýda açyldy. Açylyş dabarasyna türkmen tarapyndan hökümet agzalary, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ugurdaş fakultetleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem ýurdumyzda işleýän esasy daşary ýurt habarlar age...
Paýtagtymyzyň “Sport” myhmanhanasynda brifing geçirildi
2018-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda paýtagtymyzyň “Sport” myhmanhanasynda Türkmenistanyň sport syýasatyna hem-de 2018-nji ýylyň 28-nji oktýabry – 10-njy noýabry aralygynda geçiriljek Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler hem-de Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň wekilleri, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň professor-mugallymlary we talyplary, ýurdumyzda a...
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda “Durnukly ösüş maksatlarynyň günleriniň” açylyş dabarasy geçirildi
2018-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanda “Durnukly ösüş maksatlarynyň günleriniň” açylyş dabarasy geçirildi. Dabara Türkmenistanda ýerleşýän halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş un...
Aşgabatda ABU-nyň Baş Assambleýasynyň 55-nji Mejlisi geçirilýär
2018-nji ýylyň 30-njy sentýabry – 5-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanda Aziýa-Ýuwaş Ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş Assambleýasynyň 55-nji Mejlisi we onuň çäklerinde geçirilýän çäreler öz işine başlady. Bu foruma bagyşlanyp “Ýyldyz” myhmanhanasynda ýöriteleşdirilen sergi gurnaldy. Serginiň açylyş dabarasynda Aziýa-Ýuwaş Ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Sekretary Dr. Javad Mottagi çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowy...