RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
11 Iýul

Türkmenistanyň DIM-de türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün, 2019-njy ýylyň 11-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Akmaljon Kuçkarow bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen bagly bolan meseleleriň giň toplumyna seredip geçdiler we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň sazlaşykly pugtalandyrylýandygy bellenilip geçildi. Taraplar yzygiderli gatnaşyklary saklamagyň zerurlygyny tassyklamak bilen, hoşniýetl...

DOWAMY
pic
11 Iýul

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Gazagystan Respublikasynyň Ilçisi bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

2019-njy ýylyň 11-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Daşary işler ministri R.Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ž.Asanow bilen duşuşygy geçirildi.  Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylýandygyny belläp geçdiler we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky türkmen-gazak gatnaşyklarynyň derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Di...

DOWAMY
pic
11 Iýul

DIM-de türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

11-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Işleri wagtlaýyn ynanylan wekili A.Isaýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar derwaýys meseleleriň birnäçesini, şol sanda öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň depginini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugurlary hakynda pikirleri alyşdylar. Taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatiki gatnaşyklary işjeňle...

DOWAMY
pic
11 Iýul

Daşary işler ministriniň Täjigistan Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşygy

2019-njy ýylyň 11-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Şarifzoda Farruh Homiddin bilen duşuşygy geçirildi.     Dostlukly ýagdaýda geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň depginini ara alyp maslahatlaşdylar we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň aýratyn nygta...

DOWAMY
pic
6 Iýul

Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Wekiliýetiniň döredilmegi baradaky resminama gol çekildi

2019-njy ýylyň 6-njy iýulynda Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň Wise-Prezidenti hanym Federika Mogerininiň Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Ýewropa Bileleşiginiň we Türkmenistanyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn syýasy gepleşikler, ykdysady we sebitleýin integrasiýa, şeýle hem me...

DOWAMY
pic
4 Iýul

Aşgabatda türkmen-polýak syýasy geňeşmeleri geçirildi

2019-njy ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-polýak syýasy geňeşmeleri geçirildi.  Polşa Respublikasynyň wekiliýetine Aşgabada iş sapary bilen gelen bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretarynyň orunbasary Marçin Prjidaç ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň başynda taraplar türkmen-polýak gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösdürmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem, ikitaraplaýyn gyzy...

DOWAMY
pic
3 Iýul

Hytaýda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlary geçirildi

2019-njy ýylyň 29-njy iýunyndademirgazyk-gündogar Jilin (Çançun şäheri) welaýatynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar  toparynyň görkezme çykyşlarynyň açylyş dabarasy  geçirildi. Açylyş dabarasyna Hytaýyň Milli Täjirçilik we Ösüş Maslahatynyň ýolbaşçysy, jenap Lanjun hem-de Jilin welaýatynyň dürli derejeli  partiýa we hojalyk ýolbaşçylary, çykyşlary gurnaýjy“Jilin Shengshi Totem Horse Calche Co. Ltd”   kompaniýanyň ýolbaşçylary, telekeçiler Federasiýasynyň wekilleri, suratkeşler, sungat i...

DOWAMY