SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan we BMG işjeň gatnaşyklaryny dowam edýärler
2020-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanda akkreditirlenen Birleşen Milletler Guramasynyň agentlikleriniň we ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy, BMG-niň Çagalar gaznasynyň, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hem-de BMG-niň Ilat Gaznasynyň Türkmenistandaky...
Daşary işler ministri BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
2020-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite Wekili, BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky ählumumy parahatçylyga, durnuklylyga we howpsuzlyga gönükdirilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek boýunça tagallalary aýratyn bellenilip geçildi. Taraplar sebit...
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat
Soňky günlerde käbir halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Amerikanyň Birleşen Ştatlary tarapyndan 20 ýylyň dowamynda köpmillionlyk ykdysady kömegiň bölünip berilendigi baradaky habarlar peýda boldy. Türkmen tarapy bu maglumatlaryň nädogrudygyny hem-de Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň özarabähbitlilik hem-de deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýandygyny tassyklaýar. Şunlukda indikileri aýratyn bellemek zerurdyr, ýagny çärýek asyrdan gowrak wa...
Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň hökümet wekilleriniň arasynda Türkmenbaşy halkara deňiz portunda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikler geçirildi
2020-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň edara binasynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşik geçirildi. Gepleşige türkmen tarapyndan “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň we Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” AGPJ-niň ýolbaşçylary hem-de wekilleri we tatar tarapyndan Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Senagat we söwda ministri A.Karimow, “Ak bars” Gämi gurluşy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2020-nji ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz Russiýanyň iri sebitiniň ýolbaşçysy bilen mähirli salamlaşyp, ony geçen Halkara Nowruz güni bilen gutlady we doganlyk Tatarystanyň halkyna abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi. Türkmen-russiýa strategik hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň sebitl...
Türkmenistanyň we Ukrainanyň daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi boldy
2020-nji ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň Ukrainanyň daşary işler ministri D.Kuleba bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň barşynda ministrler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini we gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlary boýunça geljekde hem ösdürilmeginiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu babatda taraplar ýokary döwlet derejesindäki gatnaşyklaryň aýratyn ähmiýetini...
Sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşiklerde türkmen-gruzin ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy
2020-nji ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Gruziýanyň hökümet wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikler geçirildi. Gruzin tarapyna Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Hwtisiaşwili ýolbaşçylyk etdi. Şeýle-de gruzin tarapyndan Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary, Maliýe ministriniň orunbasary, agentlikleriň hem-de kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Türkmen tarapyna Türkmenis...