RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
1 Mar

Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarlandyrylan wekilleri ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar

2019-njy ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Hazar deňzinde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Teswirnamanyň” taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça hazarýaka döwletleriniň ygtyýarlandyrylan wekilleriniň iki günlük mejlisi öz işine başlady. Maslahata Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Eýranyň we Russiýanyň wekilleri gatnaşýar. Gepleşikleriň başynda, myhmanlar türkmen tarapyna duşuşygyň guramaçylygy we myhmansöýe...

DOWAMY
pic
1 Mar

Aşgabatda ESKATO we BMG-niň ösüş maksatnamasy tarapyndan okuw seminary geçirildi

2019-njy ýylyň 28-nji fewralynda paýtagtymyzda ýerleşýän «Ýyldyz» myhmanhanasynda, Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we sosial komissiýasy (ESKATO) hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň ösüş maksatnamasy tarapyndan Türkmenistanyň Meýletin milli hasabatyna (MMH) goldaw hökmünde geçirilen «Sistemleýin pikirlenmek we Durnukly ösüş maksatnamasyny (DÖM) milli meýilnamasyna integrasiýasy» atly üç günlük okuw seminary öz işini tamamlady. Seminaryň işine Türkmenistanda işleýän Halkara gur...

DOWAMY
pic
28 Few

“Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki Komitetiniň 18-nji mejlisi Brýussulde geçirildi

2019-njy ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Brýussel şäherinde “Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki Komitetiniň nobatdaky 18-nji mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky söwda-ykdysady ulgamyndaky özarabähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Türkmenistandaky makroykdysady ýagdaýlary,  maýa goýumlar...

DOWAMY
pic
27 Few

KHBS üçin maglumat

2019-njy ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi. Telefon arkaly gepleşigiň dowamynda Döwlet Baştutanlary halkara syýasy giňişliginde ikitaraplaýyn özara hereketleriň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçiliklerine seredildi. Has takygy, 2019-njy ýylyň 12-nji aprelinde Merkezi Aziýanyň Döwlet Baştutanlar...

DOWAMY
pic
26 Few

Türkmenistanyň DIM-de hazarýaka döwletleriniň wekilleriniň nobatdaky iş mejlisi geçirildi

2019-njy ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazar deňzinde biologik serişdeleriň bikanun awlanmagyna (brakonýerçilige) garşy göreş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamanyň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça hazarýaka döwletleriniň ygtyýarlandyrylan wekilleriniň, gatnaşyjylaryň dördünji mejlisi öz işine başlady. Maslahata Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasy...

DOWAMY
pic
22 Few

Owganystanyň Prezidenti Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutyna bardy

2019-njy ýylyň 21-nji fewralynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna bardy. Ol ýerde belent mertebeli myhman Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň öňünde leksiýa bilen çykyş etdi. Bu ýerde ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-...

DOWAMY
pic
22 Few

Türkmen wekiliýetiniň Ispaniýa sapary tamamlandy

2019-njy ýylyň 19-21 fewraly aralygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň iş saparynyň çäginde Alikant şäherindäki “Torrewýeha” suw süýjediji zawodynyň işi we gurluşy bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Saparyň barşynda türkmen wekiliýeti Ispaniýanyň Daşky gurşawy özgerttmek ministrliginde duşuşyk geçirdi, hususan-da ministrligiň Döwlet sekretary we bölüm başlyklary bilen duşuşdy. Soňra «Toray», «Torishima», «Arflu», «Bel», «Protec Arisawa», «Eleusis», «Rufepa» we «Hermisan» kompaniýalary su...

DOWAMY