SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşdy
2018-nji ýylyň 21-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mýätiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Gyrgyzystan Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar sebitde hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşine we halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklara degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar we dünýä gün tertibiniň wajyp sorag...
Türkmenistanyň wekiliýeti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň nobatdaky 27-nji sessiýasyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti 2018-nji ýylyň 7-11-nji iýuly aralygynda Berlin şäherinde geçirilen ÝHHG-nyň Parlament Assambleýasynyň nobatdaky 27-nji sessiýasyna gatnaşdy. ÝHHG-nyň Parlament Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasy GFR-nyň Bundestagynda “ÝHHG-nyň çäklerinde borçnamalary ýerine ýetirmekde parlamentleriň ähmiýeti” diýen mowzuk boýunça geçirildi. Onuň işine ÝHHG-nyň 53 agza ýurdyndan 300-e golaý parlamentleriň agzalary, onlarça halkara guramalaryň wekilleri we Germaniýada işle...
Aşgabat şäherinde Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa we Owganystan döwletleriniň arasynda syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça ýokary derejeli duşuşyk geçirildi
2018-nji ýylyň 9-njy iýulynda Aşgabat şäherinde Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa we Owganystan döwletleriniň arasynda syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça ýokary derejeli duşuşyk geçirildi. Duşuşyk Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde geçirildi. Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetine ÝB-niň Daşary aragatnaşyklar boýunça gullugynyň Baş sekretarynyň orunbasary Žan Kristof Bellýar ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň gün tertibine terrorçylyk, radikalizm, ekstremizm ýaly halkara hem-...
Türkmenistanyň DIM-nde “Amul-Hazar 2018” Halkara awtorallisine bagyşlanyp brifing geçirildi
2018-nji ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda (Turkmen Desert Race) “Amul-Hazar 2018” Halkara awtorallisiniň geçirilmegine görülýän taýýarlyga bagyşlanyp brifing geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Daşary işler, Içeri işler we Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleri, ýurdumyzyň Milli Olimpiýa komiteti we Türkmenistanyň awtomobil sporty federasiýasy bilelikde gurnadylar. Brifinge Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara gura...
Ýurdumyzyň wekiliýeti durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşar
2018-nji ýylyň 28-nji iýunynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde hasabat bilen çykyş edip, BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) howandarlygynda durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli syýasy foruma taýýarlyk görlüşi barada habar berdi. Bu forum şu ýylyň iýul aýynda Nýu-Ýorkda geçiriler. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan şu aýda 2019 - 2021-nji ýyllar üçi...
BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşi Türkmenistanyň Hökümetiniň başlangyjy bilen Bilelikdäki beýannamany kabul etdi
2018-nji ýylyň 25-nji iýunynda BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşi Şweýsariýanyň Ženewa ş. geçirilýän 28-nji sessiýasynda medeni hukuklara ählumumy hormat goýulmagyna ýardam etmek maksady bilen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky medeni mirasynyň goranylmagyny höweslendirmek hakynda Bilelikdäki beýannamany kabul etdi. Bu Bilelikdäki beýannamanyň Türkmenistan bilen bilelikde awtordaşlary bolup 24 sany döwlet çykyş etdi – Owganystan, Albaniýa, Ermenistan, Bangladeş, Belarus, Gruziýa, Eýran Yslam...
PRES - RELIZ
2018-nji ýylyň 20-nji iýuny, Aşgabat, Türkmenistan Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) millileşdirmek bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy we Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Türkmenistanyň halkara maliýeleşdirilmegine mümkinçilikleri artdyrmak we maliýe çeşmelerini durmuşa geçirmek we dolandyrmak boýunça milli mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagynyň üstünde işleýärler. Bilelikdäki başlangyçlaryň çäginde 2018-nji ýylyň 20-nji iýunynd...