RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
20 Mar

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanyp ylmy-amaly maslahat geçirildi

2018-nji ýylyň 20-nji martynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlap «Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy: taryhdan geljege» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Irden institutyň baş binasynyň foýesinde Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň işiniň taryhyna bagyşlanan sergi açylyp, oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, Ylymlar akademiýasynyň wekilleri, ýurduň ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary we...

DOWAMY
pic
9 Mar

Berlinde saglygy goraýyş boýunça VII türkmen-german forumy geçirildi

2018-nji ýylyň 5 - 6-njy martynda Berlinde saglygy goraýyş boýunça nobatdaky, VII türkmen-german forumy geçirildi. Onda lukmançylyk ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy we geljek üçin täze ugurlara garaldy.  Bu gezek ortopediýa, şol sanda çagalar ortopediýasy hem-de fizioterapiýa meselelerine üns berildi. Türkmenistanda we Germaniýada lukmançylygyň bu ugurlarynyň ýagdaýy boýunça çykyşlar guraldy, keselleriň öňüni alyş işi şöhlelendirildi, ortopediýa tehn...

DOWAMY
pic
9 Mar

Döwlet Baştutanymyz Kuweýte we Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparlary amala aşyrar

9-njy martda geçirilen Hökümetiň mejlisinde habar berilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kuweýt Döwletine hem-de Birleşen Arap Emirliklerine ýakyn wagtda meýilleşdirilen resmi saparlaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz Kuweýt we BAE bilen gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanag...

DOWAMY
pic
24 Few

Serhetabat-Turgundy täze türkmen-owgan demir ýoly boýunça otlylaryň hereketi açyldy

2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda TOPH gaz geçirijisiniň täze böleginiň gurluşygyna badalga berilmegi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaralaryň çäklerinde Serhetabat-Turgundy demir ýoly ulanmaga berildi. Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýurdumyza gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-mi...

DOWAMY
pic
24 Few

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi

2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçrijileriniň düýbi tutuldy. Şunuň bilen birlikde Serhetabat-Turgundy täze demir ýoly ulanmaga berildi. Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gan...

DOWAMY
pic
23 Few

Türkmenistan 2019-2020-nji ýyl döwri üçin BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Içerki Ulaglar boýunça Komitetiniň edarasynyň agzalygyna saýlandy

2018-nji ýylyň 22-nji fewralynda BMG-niň Ženewadaky Edarasynda BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Içerki Ulaglar boýunça Komitetiniň ýubileý 80-nji sessiýasynyň barşynda Türkmenistan 2019-2020-nji ýyl döwri üçin BMG-niň Ykdysady Komissiýasynyň Içerki Ulaglar boýunça Komitetiniň Býurosynyň agzalygyna saýlandy. Içerki Ulaglar boýunça Komitet BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň ulag ugrynda iň ýokary direktiw edarasy bolup durýar. Özüniň kömekçi edaralary bilen birlikde Içerki Ulaglar b...

DOWAMY
pic
17 Few

Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp geçirlen maslahat

2018-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp «Beýik Ýüpek ýolunyň diplomatiýasy: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň dabaralanmagy» atly halkara maslahaty geçirildi.  Maslahatyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Ylymlar Akademiýasynyň,  Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky milli institutynyň, Türkmenistanyň Prezid...

DOWAMY