SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan bilen Oman Soltanlygynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
2017-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Oman Soltanlygynyň paýtagty Maskat şäherinde Türkmenistanyň we Oman Soltanlygynyň daşary sýasy edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Oman tarapynyň wekiliýetine Oman Soltanlygynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Dr. Mohammed bin Awadh Al Hassan ýolbaşçylyk etdi. Ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriniň gün tertibine ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän meseleler girizildi. Hususan hem, syýasy, söwda-ykdysady, energetika, ulag we aragatnaşyk ulgaml...
Türkmenistanyň Prezidenti GDA ýurtlarynyň döwlet ýolbaşçylarynyň Sammitine gatnaşdy
2017-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň agza ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Soçi şäherine bardy. Biziň ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, GDA-nyň işlerine işjeň gatnaşyp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde dürli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmek babatda çykyş edýär. Duşuşyga taýýarlyk görmegiň çäklerinde 10-nj...
Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň mejlisinde ýurduň öňe gidýän ösüşiniň esasy meselelerine garaldy
2017-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Ahal welaýatynda Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahaty öz işine başlady. Umumymilli maslahatda geljekde ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşiniň, durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriniň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Maslahatyň wekilleriniň arasynda hormatly ýaşulular, Hökümet agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, syýasy partiýala...
Türkmen wekiliýeti BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarlygynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 68-nji mejlisiniň işine gatnaşdy
2017-nji ýylyň oktýabr aýynyň 2-6 aralygynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýewyň ýolbaşçylygynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarlygynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 68-nji mejlisine türkmen wekiliýeti gatnaşdy. 2017-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň çykyşynda, dünýä jemgyýeti tarapyndan gün tertibinde duran bosgunlar bilen bagly aktual meseleleriň biri bolan işiniň...
Türkmenistanda Russiýanyň medeniýet günlerini açyldy
2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy. RF-niň Prezidenti Wladimir Putiniň Türkmenistana resmi sapary mynasybetli geçirilýän bu döredijilik çäresi ýokary derejedäki häzirki duşuşygyň barşynda iki dostlukly ýurduň täze ösüşe badalga alan strategiki hyzmatdaşlygynda medeni-ynsanperwer ulgamynyň uly ähmiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Döredijilik çäresiniň dabaraly açylyşy üçin saýlanyp alnan Döwlet medeniýet...
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin resmi sapar bilen Türkmenistana geldi
2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde RF-yň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Uçaryň ýanyndan uzalyp gidýän haly ýodasynyň ugrunda belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli Hormat garawuly nyzama düzüldi. Russiýanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni howa menzilinden motosiklçileriň hormat garawulynyň ugratmagynda...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-rus gepleşikleri geçirildi
2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Aşgabada düýn gelen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrowyň ýolbaşçylygyndaky Russiýa Federasiýasynyň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda syýasy döwletara dialogyň ýokary ösüşini belläp, taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň meselelerini maslahatlaşdylar we syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň toplumlaýyn ösü...