SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Kuweýt Döwletine iş sapary
2017-nji ýylyň 6-7-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R. Meredowyň baştutanlygyndaky wekiliýet Kuweýt Döwletinde iş saparynda boldy. 7-nji noýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Al Baýan köşgünde Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Sabah Al Ahmad Al Jaber Al Sabah tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R. Meredow şu ýylyň 11-12-nji sentýabrynda Kuweýt...
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin Merkeziniň 10 ýyllygyna bagyşlanan leksiýalar
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin Merkeziniň Aşgabatda açylmagynyň 10 ýyllygynyň bellenilmeginiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaş hünärmenler üçin ýörite leksiýalar kursyny geçirip başlady. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik edaralarynyň we wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bu leksiýalar bilen çykyş ederler. Leksiýalaryň dowamynda talyplaryň we diňleýjileriň ünsleri öňün...
Türkmenistanyň paýtagtynda durmuş ähmiýetli desgalaryň açylyş dabarasy boldy
2017-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda paýtagtymyzda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň çäklerinde gurlan durmuş maksatly desgalaryň açylyşy mynasybetli dabaralar dowam etdi. 18 sany ýaşaýyş jaýlary, mekdep, çagalar bagy we söwda merkezi dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Aşgabady ösdürmegiň 15-nji tapgyry ähli amatlyklar göz öňünde tutulan 72 öýli 12 gatly jaýlaryň 12-sini hem-de 48 öýli 12 gatly jaýl...
“Türkmenistan- Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” döwrüň we siwilizasiýanyň gepleşigi
2017-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdmuhamedowyň “Türkmenistan- Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly taze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabaraly çärä Hökümet agzalary, biziň ýurdumyzda akreditirlenen diplomatik gullugynyň we halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem jemgyýetçiligiň, köpçülileýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Ýurt baştutanynyň taze kitaby bolan “Türkmenistan- Beýik Ýüpek ýolunyň...
Buharestda türkmen-rumyn ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi
2017-nji ýylyň 16-18-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň DIM-niň halkara guramalar departamentiniň we Ýewropa ýurtlary bölüminiň başlygyndan düzülen wekiliýet Buharestde saparda boldy. Saparyň çäklerinde, 16-njy oktýabrda Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginde halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça nobatdaky türkmen-rumyn ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi, 17-nji oktýabrda bolsa degişli bölümleriň başlyklarynyň derejesinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýu...
Duşanbede türkmen-täjik gepleşikleri geçirildi
2017-nji ýylyň 18-20-nji oktýabrynda Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Duşanbe şäherinde iş sapary bilen boldy. Saparyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary N.Zohodi we Tajigistanyň Daşary işler ministrliginiň protokol müdirliginiň başlygy Ş.Niýozow bilen duşuşyklar boldy. Gepleşikleriň barşynda esasy üns ýokary derejeli saparlary gurnamak meselelerine berildi. Şeýle-hem, taraplar geljekde daşary syýasy e...
Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň wekilýeti sebitleýin ykdysady integrasiýasynyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar
2017-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça VII Ministrler maslahatynyň (RECCA VII) çygrynda geçirilýän Akademik foruma gatnaşmak üçin iş sapary bilen türkmen paýtagtyna gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary hanym Adel Razyň ýolbaşçylygyndaky wekilýet bilen duşuşyk boldy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentlerini...