RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
23 Few

Türkmenistan 2019-2020-nji ýyl döwri üçin BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Içerki Ulaglar boýunça Komitetiniň edarasynyň agzalygyna saýlandy

2018-nji ýylyň 22-nji fewralynda BMG-niň Ženewadaky Edarasynda BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Içerki Ulaglar boýunça Komitetiniň ýubileý 80-nji sessiýasynyň barşynda Türkmenistan 2019-2020-nji ýyl döwri üçin BMG-niň Ykdysady Komissiýasynyň Içerki Ulaglar boýunça Komitetiniň Býurosynyň agzalygyna saýlandy. Içerki Ulaglar boýunça Komitet BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň ulag ugrynda iň ýokary direktiw edarasy bolup durýar. Özüniň kömekçi edaralary bilen birlikde Içerki Ulaglar b...

DOWAMY
pic
17 Few

Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp geçirlen maslahat

2018-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp «Beýik Ýüpek ýolunyň diplomatiýasy: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň dabaralanmagy» atly halkara maslahaty geçirildi.  Maslahatyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Ylymlar Akademiýasynyň,  Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky milli institutynyň, Türkmenistanyň Prezid...

DOWAMY
pic
17 Few

Martda geçiriljek saýlawlarda GDA, BMG, ÝHHG DIAHBE,ŞHG, YHG synçylarynyň gelmegine garaşylýar

Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriniň agzalarynyň 25-nji martda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda dalaşgärleri bellige almak we hödürlemek işleri dowam edýär.  Ähli saýlaw okruglarynda Demokratik partiýanyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýanyň komitetleriniň hem-de raýatlar toparlarynyň ýygnaklary geçirilýär, şolaryň barşynda ýurdumyzyň ýokary kanunçykaryjylyk edarasyna, ýerli häkimiýet hem-de...

DOWAMY
pic
31 Ýan

Aşgabatda Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynyň Müdiriýetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi

2018-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Aşgabadyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Aşgabatda Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynyň (AHHG) Müdiriýetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine AHHG-niň Müdiriýeti – Gazagystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministrleriniň orunbasarlary, Ýerine ýetiriji komitetiniň agzalary, AHHG-niň esaslandyryjy-döwletleriniň DIM-niň wekilleri gatnaşdylar. Müdiriýetiň mejlisinde: Türkmenistanyň başlyklyk...

DOWAMY
pic
26 Ýan

Duşenbede “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” dialogyň ýokary wezipeli şahslarynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

2018-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” dialogyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde ýokary wezipeli şahslaryň nobatdaky 12-nji mejlisine gatnaşdy. Onuň işine Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary hem-de bu dowletleriň Täjigistanda akkreditirlenen ilçileri gatnaşdylar. Ýapon tarapyna Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Me...

DOWAMY
pic
20 Ýan

Türkmenistanyň DIM-nde Koreýa Respublikasynyň parlament wekiliýeti bilen duşuşyk

2018-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministri R.Meredowyň Koreýa-Türkmenistan parlament dostluk toparynyň Prezidenti Park De Çulyň ýolbaşçylygyndaky Koreýa Respublikasynyň parlamentiniň wekiliýeti bilen duşuşygy boldy.          Duşuşygyň başynda ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň ýokary görkezijilerini belläp, taraplar parlamentara gatnaşyklaryny we geljekde iki ýurduň parlamentleriniň arasynda özaragatnaşyklaryny ösdürmäge ygrarlylygyny bellediler. Mundan başga-da...

DOWAMY
pic
17 Ýan

Türkmenistanyň we Hindistanyň Daşary işler ministrleriniň arasynda gepleşikler

2018-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Hindistana özüniň gysga möhletleýin saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Nýu-Delide Hindistanyň Daşary işler ministri Suşma Swaraj bilen duşuşdy.   Hindistanyň Daşary işler ministrine gysga wagtyň içinde duşuşygy gurnandygy üçin minnetdarlygyny bildirip, R.Meredow TAPI gaz geçirijisini tejribede durmuşa geçirmekde we iri hususy we döwlet donorlary tarapyndan degişli maliýe çeşmelerini...

DOWAMY