Türkmenistanyň Prezidenti G.Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti A.Lukaşenko bilen duşuşdy

2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Prezident A.Lukaşenkonyň baştutanlygyndaky Belarus Respublikasynyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.
Saparyň çäklerinde 11-nji oktýabrda Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-belarus gatnaşyklarynyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de sebitleýin we halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň netijelidigi bellenildi.