RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
26 Apr

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisine gatnaşdy

2019-njy ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisiniň binasyna geldi. Bu ýerde Döwlet baştutanyny resmi adamlar, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň daşary ýurtly we ýerli agzalary, ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri garşyladylar.    Binanyň foýesinde forumyň wekilleriniň we myhmanlarynyň Türkmenistanyň Prezide...

DOWAMY
pic
25 Apr

DÖM ulgamynda Meýletin milli synyň taýýarlanylmagy boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi

2019-njy ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurtda Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) durmuşa geçirilmegi ulgamynda Türkmenistanyň Meýletin milli synynyň taýýarlanylmagy boýunça Pudagara toparynyň ikinji mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda Meýletin milli synyň taslamasynyň esasy aýratynlyklary, şol sanda dizaýny, grafikasy we statistiki maglumatlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise şeýle hem Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaral...

DOWAMY
pic
25 Apr

Durmuş taýdan goraglylyk ulgamynyň kämilleşdirilmegi boýunça taslamanyň çäklerinde Konseptual resminamanyň seredilmegi boýunça duşuşyk

2019-njy ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Durnukly ösüş maksatlary boýunça Global gaznasynyň çäklerinde BMG-niň hem-de Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň arasyndaky “Inklýuziw we ýokary hilli durmuş hyzmatlary ýerli derejede ornaşdyrmagyň üsti bilen durmuş goraglylygy boýunça ulgamy kämilleşdirmek” teklip edilýän taslamanyň konsepsiýasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Me...

DOWAMY
pic
24 Apr

Türkmenistanyň wekiliýetiniň XIV Halkara radio festiwalyna we VI Bütindünýä radio maslahatyna gatnaşmagy

2019-njy ýylyň 22-24 apreli aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähran şäherinde XIV Halkara radio festiwaly we VI Bütindünýä radio maslahaty geçirilýär. Oňa  Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşýar. Şeýle-de bu çärelere 30 golaý ýurtdan dürli wekiliýetler gatnaşýar. Вu çäreleriň çäginde türkmen wekiliýeti bilen EYR-nyň Radio we telewideniýe guramasynyň ýolb...

DOWAMY
pic
22 Apr

Stambulda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi

2019-njy ýylyň 19-njy aprelinde Stambulda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Türkmenistana “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy Şahym Abdyrahmanow, Azerbaýjana – Energetika ministri Parwiz Şahbazow we Türkiýä – Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez wekilçilik etdiler. Duşuşygyň barşynda ýurtlaryň arasynda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we...

DOWAMY
pic
19 Apr

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Balkan welaýatyna bardy

2019-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşynyň halkara howa menziline geldi. Biraz wagtdan soňra dabaraly çäre mynasybetli iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen kenarýaka şäheriniň howa menzlinde Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň howa gämisi gondy. Belent mertebeli myhmana ýokary derejede hezzet-hormat edildi. Türkmenistanyň Prezidenti kärdeşini mähirli garşylady. Howa menzilinden Döwlet Baştutanlarynyň awtoulag kerweni Gyýanly şäher...

DOWAMY
pic
18 Apr

Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary

2019-njy ýylyň 16-njy aprelinde Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň saparynyň çäklerinde Türkmenistana döwlet sapary başlandy. 2019-njy ýylyň 17-nji martynda resmi garşylamak hem-de Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi taýdan surata düşmek dabarasyndan soňra  Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýanyň Prezidenti Mun Çže Ini «Oguzhan» Köşkler toplumyna çagyrdy, bu ýerde ikiçäk görnüşdäki türkmen-koreý gepleşikleri ge...

DOWAMY