RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
8 Maý

Aşgabatda ýokary derejeli türkmen-rus gepleşikleri geçirildi

2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Aşgabatda ýokary derejeli türkmen-rus gepleşikleri geçirildi, olara gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary – Hökümetiň Diwanynyň ýolbaşçysy K.A.Çuýçenko tarapyndan başlyklyk edilýän wekiliýet ýurdumyza geldi. Günüň birinji ýarymynda myhman Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda türkmen-rus gatnaşyklaryna...

DOWAMY
pic
7 Maý

Türkmenistanyň Daniýadaky Ilçisi ynanç hatlaryny gowşurdy

2019-njy ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Ataýew Kopengagen şäherindäki Amaliýenborg köşgünde Daniýa Patyşalygynyň Şa Zenany Margrete II özüniň şol bir wagtda Türkmenistanyň Daniýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Berlin şäheri) hökmünde ynanç hatlaryny gowşurdy.

DOWAMY
pic
2 Maý

Türkmenistanyň Prezidentiniň Imperator Naruhito ýollan haty

2019-njy ýylyň 1-nji maýynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň täze Imperatory Naruhito ýollan gutlag hatynyň resmi gowşuryş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça gutlag haty Türkmenistanyň Mejlisiniň Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçis...

DOWAMY
pic
30 Apr

Astrahanda Hazaryň goranmak edaralarynyň wekiliýetleriniň duşuşygy geçirildi

2019-njy ýylyň 22-24-nji apreli aralygynda Astrahan şäherinde (Russiýa Federaiýasy) Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynyň (HDDUI) binýadynda 2018-nji ýylyň awgustynda Aktau şäherinde geçirilen Hazar ýurtlarynyň Baştutanlarynyň V Sammitiniň barşynda gol çekilen Hazar deňzinde hadysalaryň öňüni almak hakynda ylalaşygyň ýerine ýetirilişiniň barşy bilen bagly bolan meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Russiýanyň goranmak edaralar...

DOWAMY
pic
29 Apr

Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenilip geçildi

2019-njy ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistan ählihalk dabarasy – Türkmen bedewiniň baýramyny giňden belläp geçdi. Aşgabatda geçirilen dabaralaryň çäklerinde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralary çäreleriň ençemesi geçirildi. Köpsanly ýurtlardan myhmanlar Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldiler, olaryň arasynda RF-niň Tatarstan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň ýolbaşçy...

DOWAMY
pic
26 Apr

Türkmen sürüjileri Astrahanda geçýän “Kaganyň Altyny-2019”atly ralli-reýde üstünlikli girişdiler

2019-njy ýylyň 25-nji aprelinde Astrahan oblastynda Russiýanyň ralli-reýdler boýunça ýaryşynyň ikinji tapgyry bolan “Kaganyň Altyny-2019” atly ralli-reýdi başlandy. Bu halkara ýaryşyna Türkmen awtomobil sportuna “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisine gatnaşan tejribeli sürüjiler wekilçilik edýärler. “Kaganyň Altyny-2019” ralli-reýdi üç günläp dowam edýär we oňa Türkmenistandan, Russiýadan, Gazagystandan, Latwiýadan, Finlýandiýadan we Ukrainadan türgenler gatnaşýar. Ýaryşyň umumy uzynlygy 700...

DOWAMY
pic
26 Apr

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi

2019-njy ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.   Dabaraly çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary, Türkmen...

DOWAMY