SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan we ÝB özarabähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlylygyny tassykladylar
2019-njy ýylyň 20-nji noýabrynda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Piter Burian iki günlik iş sapary bilen Aşgabat şäherine geldi. Şol gün P.Burianyň Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedow bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda ÝB-niň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň geosyýasy nukdaýnazaryndan ähmiýeti bellenildi. Taraplar “açyk gapylar” syýasatynyň çäklerinde, Türkmenistanyň ÝB-niň ähli ýurtlary bilen dostlukly hyzmatdaşlygynyň ösdürilýändigini nygtadylar....
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-norwegiýa gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredildi
2019-njy ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Norwegiýa Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň Ýörite wekili Eýwind Nordsletten bilen duşuşyk geçirildi. Gyzgyn garşylamalar bilen başlanan duşuşykda taraplar türkmen-norwegiýa gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Ýokary derejeli syýasy-diplomatik gepleşikleriň işjeňleşdirilmeginiň şeýle-de ykdysady ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň wajypdygy bellenildi. Mundan başga-da, şu ýylda O...
Çaganyň huhuklary hakyndaky Konwensiýanyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi
2019-njy ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Çaganyň huhuklary hakyndaky Konwensiýanyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýokary derejeli çäre geçirildi. Bu çärä UNICEF-yň Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgand, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow, Türkmenistanyň Bilim ministri M.Geldinyýazow, UNICEF-yň hünärmenleri, DÖM-nyň ýaş ilçileri, ýurdumyzda akkreditirlenen beýleki halkara guramalaryň we diplomatik wekilhanalar...
Minskde GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň baş binasynda tegelek stol geçirildi
2019-njy ýylyň 19-njy noýabrynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň baş binasynda GDA-nyň Tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky Hemişelik Doly ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň yz ýany bilen, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen «GDA ga...
Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça Halkara guramanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk berkeýär
2019-njy ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Migrasiýa boýunça halkara guramanyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy, guramanyň Gazagystandaky, Gyrgyz Respublikasyndaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçysy Zeýnal Hajiýew bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça halkara guramanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda bilelikdäki meýilnamalaryň amal...
Aşgabatda “SPEKA günleri” başlandy
2019-njy ýylyň 18-nji noýarbynda Aşgabat şäheriniň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Maksatnamasyna (SPEKA) başlyklyk etmeginiň çäklerinde ýokary derejeli çäreler başlandy. “SPEKA günleriniň” açylyşy SPEKA-nyň durnukly ulag, üstaşyr we birleşme boýunça Iş toparynyň mejlisi hem-de söwda syýasaty boýunça ýokary derejeli “tegelek stoly” bilen başlandy. Agzalan çärelere SPEKA-nyň gatnaşyjy-ýurtlarynyň, ýagny, Azerbaýjanyň, Owganystanyň,...
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
2019-njy ýylyň 15-16-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynda iş saparynda boldy. Daşkent şäherinde geçirilen duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň baştutanlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky...