SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanan maslahat
2017-nji ýylyň 26-njy dekabrynda Türkmenistanyň Adalat köşgüniň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanan “Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň işine daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň we ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, şeýle hem Tür...
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly kararnamasynyň ähmiýeti hakyna maslahat
2017-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly kararnamasynyň ähmiýeti hakynda maslahat geçdi. Maslahatyň işine Mejlisiň, ýurdumyzyň diplomatik korpusynyň, dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri, Türkmen döwlet ulag we ara...
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat
2017-nji ýylyň 28-29-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň başlyklyk etmegindäki Aşgabatda geçirilen Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisiniň netijesinde kabul edilen Energetika Hartiýasynyň Aşgabat Beýannamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň gün tertibiniň 19(i) bölüminiň resminamasy hökmünde çap edildi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly kararnamany kabul etdi
2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly kararnama (rezolýusiýa) Birleşen Milletler Guramasynyň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Bu Resminama 74 sany döwlet bilelikde dörediji hökmünde çykyş etdi. Kararnamada durnukly ulagyň ornuny gowulandyrmaga we iş ýerlerini döretmegi...
Türkmenistanyň DIM-niň wekiliýeti Berlinde syýasy geňeşmeleri geçirdi
2017-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Berlinde GFR-niň daşary syýasy edarasynyň binasynda Türkmenistanyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirildi. Duşuşykda german tarapyna Andreas Peşke, GFR-niň DIM-niň Gündogar Ýewropa, Kawkaz we Merkezi Aziýa boýunça ygtyýarlandyrylan wekili, türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary ýolbaşçylyk etdi. Syýasy geňeşmeleriň dowamynda syýasat, ykdysadyýet, ulag we daşky gur...
Eýrana türkmen ynsanperwer kömegi ugradyldy
Maşatda Türkmenistanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan ugradylan Eýranyň ilaty üçin ynsanperwer ýükli kömegi bermek çäresi boldy. Bu ýurduň Kermanşah welaýatynda Sarpol-e-Zahab etrabynda güýçli ýertitreme bolup, onuň derejesi Rihter ölçegi boýunça 7,4 bala ýetdi. Iberlen ýüki – derman serişdelerini ýörite awtoulag kerweni ýetirdi. Ugradylan önümleriň umumy bahasy 280 müň manatdan gowrakdyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Buýrugynda türkmen halkynyň ata-babalarynyň beýik ynsanperwer...
Книга президента Туркменистана представлена читателям в Германии
В здании Посольства Туркменистана в ФРГ была проведена презентация книги президента Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедова «Туркменистан – сердце Великого Шелкового пути». В акции приняли участие члены различных общественных организаций, представители европейского отделения Гуманитарной ассоциации туркмен мира и туркменской диаспоры, проживающей в Берлине, а также обучающиеся в высших учебных заведениях ФРГ туркменские студенты. В прозвучавших выступлениях было подчеркнуто, что книга поз...