RSS

SOŇKY HABARLAR

31 Dek

Türkmenistanyň Prezidentiniň diplomatik düzüminiň duaýýeni bilen duşuşygy

2020-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistandaky diplomatik düzüminiň duaýýeni, Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Aleksandr Blohin bilen onlaýn görnüşinde duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow hem gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda döwlet baştutany A.Blohini we onuň üsti bilen Türkmenistandaky diplomatik düzümini ýetip gelýän Tä...

DOWAMY
24 Dek

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň fransuz dilindäki nusgasynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2020-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň fransuz dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň gazet-žurnallarynyň baş redaktorlary, ýerli ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we professor-mugallymlary, şeýle-de ylmy işgärler we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mundan başga-da, bu çärä sanly wideoaragatnaşyk...

DOWAMY
23 Dek

Türkmenistan Owganystana elektrik enegiýanyň eksport möçberini artdyrmagy dowam edýär

“Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013-2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermek baradaky meýilnamalary ýerine ýetirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda elektrik energetikasy pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy has-da berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Owganystan Yslam Respublikasyna elektrik energiýasyny ibermek baradaky de...

DOWAMY
23 Dek

“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan neşire taýýarlanylan “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly çärýekde bir gezek neşir edilýän ylmy-tejribe žurnalynyň dördünji sany çapdan çykdy. Žurnal Türkmenistanyň Prezidentiniň 30-njy oktýabrda Seul şäherinde geçirilen Demirgazyk ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Halkara forumyna gatnaşyjylara iberen wideoýüzlenmesi bilen açylýar.  “Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara syýasy işjeňigi” bölüminde döwlet Baştutanymyzyň beýlek...

DOWAMY
23 Dek

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça ýapon bankynyň baştutany bilen duşuşyk

2020-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça ýapon bankynyň baştutany Tadaşi Maeda bilen göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ýokary ösüş depginini nygtadylar. Döwletara gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegine ýardam edýän iki ýurduň baştutanlarynyň işjeň gepleşikleri bellenildi. Söwda-ykdysady gatnaşyklara aýra...

DOWAMY
22 Dek

Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentlertiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

2020-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň barşynda iki dostlukly döwletleriň Baştutanlary türkmen we özbek halklarynyň bähbitlerine kybap gelýän döwletara hyzmatldaşlygynyň şu günki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşdylar. Taraplar şeýle hem halkara we sebit gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy...

DOWAMY
18 Dek

Türkmenistanyň Prezidenti: GDA ýurtlarynyň çäkleri yklym derejesinde ykdysady hyzmatdaşlygyň magistral ýollaryna öwrülip biler

Şu gün, 18-nji dekabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň göni aragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen mejlisinde çykyş eden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň çäklerindäki ykdysady hyzmatdaşlygyň derejesine baha berip, onuň ösdürilmegi ugrunda birnäçe başlangyç bilen çykyş etdi. Prezident 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda Döwlet Baştutanlarynyň mejlisinde kabul edilen GDA gatnaşyjy döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnamasyna esa...

DOWAMY