SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystanyň ýolbaşçy düzümi bilen duşuşyklary geçirdi
2021-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bilen duşuşygy boldy. Taraplar hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça özara hereketleriň ýokary depginini tassykladylar. Döwletara syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň netijeliligi hem-de yzygiderli ösdürilýändigi bellenilip geçildi....
Kabulda daşary işler ministrleriniň derejesinde Türkmenistanyň we Owganystanyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
2021-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Kabul şäherinde Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Hanif Atmar ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys ugurlary boýunça taraplaryň nukdaýnazarlaryny beýan etdiler. Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Owganystanyň döwlet baştutanlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeliligini belläp geçdiler, çünki bu öz n...
Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
2021-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekilçilikli wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasynyň Kabul şäherine iş sapary bilen gitdi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti owgan Hökümetiniň ýokary derejeli wekilleri bilen işjeň gepleşikleriň birnäçesini geçirdi. Hususan-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary i...
ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Aşgabat jemleýji resminamasynyň kabul edilmegine bagyşlanan brifing geçirdi
2021-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd brifing geçirdi. Brifingiň esasy temasy, geçen ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat jemleýji resminamasy boldy. Mälim bolşy...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary GFR-nyň Hökümetiniň Owganystan we Pakistan boýunça Ýörite wekili bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
2021-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň GFR-nyň Hökümetiniň Owganystan we Pakistan boýunça Ýörite wekili Markus Potzel bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra, diplomatlar Türkmenistanyň we Germaniýanyň arasynda ikitaraplaýyn, edil şonuň ýaly-da halkara hem-de sebitleýin düzümleriň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygynyň derejesine ýokary baha berdiler. Sebit derejesinde howpsuzlygyň we durn...
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň baştutany metbugat-maslahatyny geçirdi
2021-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Aşgabatda BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň baştutany Natalýa German metbugat-maslahatyny geçirdi. Çärä ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmenistanda akkreditirlenen žurnalistler, şeýle hem sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly daşary ýurt KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar. Gatnaşyjylaryň arasynda Azerbaýjanyň, Beýik Britaniýanyň, Gruz...
Aşgabat jemleýji resminamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň we Howpsuzlyk Geňeşiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy
Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahaty üstünlikli geçirildi. Onuň işine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Şeýle-de bu maslahatda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Ýusef Ben Ahmed Al-Usaýminň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji...