SOŇKY HABARLAR
Aşgabatda “Howanyň üýtgemegi şertlerinde saglyk we iýmitleniş” atly halkara maslahat geçirildi
2026-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Aşgabatda “Howanyň üýtgemegi şertlerinde saglyk we iýmitleniş” atly halkara maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk boýunça guramasynyň (FAO), Ösüş maksatnamasynyň, beýleki halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Russiýanyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda türkmen tarapynyň wekilleriniň çykyş...
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Dmitriý Marýasiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Myhman şu ýylyň 20 – 23-nji ýanwary aralygynda geçirilýän ýokary derejedäki SPECA hepdeliginiň çärelerine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň UNECE bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri, şol sanda durnukly ösüş, energet...
Aşgabatda SPECA hepdeliginiň çäginde Ykdysady forum öz işine başlady
2026-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde Ykdysady forum öz işine başlady. Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Azerbaýjanyň, Hindistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Bütindünýä bankynyň we beýleki düzüml...
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere şanly 70 ýaş toýy mynasybetli, tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli berkidilýär we mazmun taýdan baýlaşdyrylýar. Biz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine hem-de täze sepgitlere ýetirilmegine uly ähmiýet berýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belleýär. Hormatly Prezident...
KHBS üçin maglumat
Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň rezidensiýasyna edilen hüjüm baradaky habarlar bilen baglylykda, türkmen tarapy halkara howpsuzlygyna we durnuklylygyna howp salýan şeýle hereketler babatynda, aýratyn-da, gapma-garşylyklary gepleşikler arkaly kadalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan tagallalaryň şertlerinde aladalanma bildirýär we olary ýazgarýar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik bitaraplyk derejesine eýe döwlet hökmünde Türkmenistan halkara meseleleriniň islendi...
В Ашхабаде состоялось общественно-политическое событие «Международный год мира и доверия: уверенные шаги нейтрального Туркменистана»
25 декабря 2025 года во дворце «Мекан» расположенном в Ашхабаде состоялась общественно-политическое событие под названием «Международный год мира и доверия: уверенные шаги нейтрального Туркменистана». В мероприятии, организованном Халк Маслахаты Туркменистана приняли участие члены правительства, руководители и представители дипломатической службы Туркменистана, а также дипломатических представительств зарубежных государств и международных организаций, аккредитованных в Туркменистане, а также...
Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda ýokary derejeli halkara forum geçirildi
2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara forum geçirildi. Oňa dünýä döwletleriniň, halkara we sebit guramalarynyň ýokary derejeli wekiliýetleri gatnaşdylar. Ir bilen halkara foruma gatnaşýan ýokary derejeli wekiliýet Baştutanlary paýtagtymyzdaky Bitaraplyk binasyna gül desselerini goýdular. Soňra wekiliýet Baştutanlary Türkmenistanyň Maslahatlar merkezine geldil...