SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan we “BMG – Syýahatçylyk” guramasy durnukly syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy berkidýärler
2026-njy ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen “BMG – Syýahatçylyk” guramasynyň Ýewropa boýunça sebit direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Kordula Wolmuteriň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda M.Bäşimowa “BMG – Syýahatçylyk” guramasynyň wekiliýetiniň şu ýylyň 14-16-njy apreli aralygynda Aşgabatda geçirilýän “TurkmenTravel – 2026” atly halkara sergä we maslahatyna gatnaşýandygy üçin hoşallyk bildirdi. Gepleşikl...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy
Awstriýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy. Forumyň geçirilýän ýeri bolan Hofburg köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) Baş direktory Gerd Müller hem-de Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Beate Maý...
KHBS ÜÇIN MAGLUMAT
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ýakyn Gündogardaky ýagdaýyň ýitileşmegi bilen baglylykda aladalanma bildirýär we onuň bu ýagdaýy düzgünleşdirmek boýunça diplomatik tagallalaryň dowam edýän şertlerinde ýüze çykmagynyň gynanç döredýändigini beýan edýär. Türkmenistan BMG tarapyndan ykrar edilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan döwlet hökmünde ähli çylşyrymly halkara meseleleriň syýasy-diplomatik serişdeleriň we usullaryň ulanylmagy arkaly BMG-niň Tertipnamasynyň we halkara...
GFR-da Ýokary bilim we ylym boýunça Germaniýa–Merkezi Aziýa forumy geçirilýär
2026-njy ýylyň 23-25-nji fewraly aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Halle şäherinde bilim, ylym we innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen Ýokary bilim we ylym boýunça Germaniýa–Merkezi Aziýa forumy geçirilýär. Forumyň çäreleri Germaniýanyň «Leopoldina» milli ylymlar akademiýasynyň ştab-kwartirasynda alnyp barylýar. 23-nji fewralda Germaniýanyň Ylmy barlaglar, tehnologiýalar we kosmonawtika federal ministrliginiň döwlet sekretary Markus Plaýeriň hem-de Merkezi...
Türkmen wekiliýeti Germaniýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň Berlindäki duşuşygyna gatnaşýar
2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Berlinde Germaniýanyň Federal Daşary işler ministri bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow gatnaşdy. Gepleşikleriň esasy ugurlary energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini, sebit hyzmatdaşlygynyň meselelerini we beýlekileri öz içine aldy. «Merkezi Aziýa – Germaniýa» formatyndaky plena...
German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harmsyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn dialogyň ýokary derejesini görkezýän söwda-ykdysady gatnaşyklaryň depginli ösýändigini bellediler. Taraplar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkme...
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk festiwalynda sirk sungatyna uly goşandy üçin halkara şahadatnamalar gowşuryldy
2026-njy ýylyň ilkinji aýy şu ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygarynyň mazmunyna laýyk üstünliklere beslenýär. Ol üstünligiň ahalteke bedewleriniň hem-de ýurdumyzyň medeni mirasynyň halkara derejede ykrar edilmegi bilen baglanyşykly bolmagy halkymyzyň buýsanjyny, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygyny artdyrýar. Şu ýylyň 16 — 25-nji ýanwary aralygy...