RSS

SOŇKY HABARLAR

25 Mar

HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA 2021-NJI ÝYLDA GEÇIRILEN BMG-NIŇ COP-26- MASLAHATYNYŇ ESASY NETIJELERINE HEM-DE GAZANANLARYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysynyň edarasy hem-de Beýik Britaniýanyň Ilçihanasy bilen bilelikde howanyň üýtgemegi boýunça 2021-nji ýylda geçirilen BMG-niň COP-26 - maslahatynyň  esasy netijelerine hem-de gazananlaryna bagyşlanan onlaýn-maslahat geçirildi. Bu maslahat geçen ýylyň noýabr aýynda Beýik Britaniýanyň Glazgo şäherinde geçirilen COP-26 maslahatynyň öňüsyrasynda Aşgabatda 2021-nji ýylyň martynda ge...

DOWAMY
23 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ YHG-NYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYGY

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň w.ý.ý. Raşid Meredow Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Hisseýn Brahim Taha bilen duşuşdy. Gepleşikleriň başynda, R.Meredow Baş sekretary bu ýokary we jogapkärli wezipä saýlanmagy bilen gutlady hem-de Türkmenistanyň Guramada öz agzalygyna möhüm ähmiýet berýändigini nygtady. Şeýle hem Baş sekretara, şu ýylyň 12-nji martynda geçirilen, Tür...

DOWAMY
22 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ W.W.Ý.Ý. PAKISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY

2022-nji ýylyň 22-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Raşid Meredow Yslamabatda Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşi bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirdi. Onuň dowamynda ministrler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ony ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. R.Meredow Pakistan Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklaryň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bell...

DOWAMY
20 Mar

ÝURDUMYZDA ÄHLIHALK BAG EKMEK DABARASY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 20-nji martynda Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanda ýazky bag ekmek dabarasy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Umumymilli bag ekiş çäresine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdylar. Dabara  şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýolbaşçylary we wekilleri, Hökümet agzalary, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle...

DOWAMY
25 Few

«Gurluşlaýyn dialogyň» çäklerinde Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň ministrleriniň derejesinde gepleşikler geçirildi

2022-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda göni wideoaragatnaşyk görnüşindäki «Gurluşlaýyn dialogyň» çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we Ösüş boýunça ministrliginiň Günorta we Merkezi Aziýanyň, BMG-niň we Arkalaşygyň işleri boýunça ministri Lord Tarik Ahmad bilen duşuşygy geçirildi. Interaktiw gepleşikl...

DOWAMY
24 Few

Türkmenistanyň Prezidentiniň we “Türkmenistan - ABŞ” işewürlik geňeşiniň ýolbaşçysynyň telefon arkaly söhbetdeşligi

2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen “Türkmenistan - ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz E.Stýuart bilen mähirli salamlaşyp, dostlukly türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belledi. Onda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine esasy orun berilýär. Söhbetdeşligiň dowamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony...

DOWAMY
14 Few

Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi

2022-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki döwletiň Baştutanlary birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de ony ösdürmegiň mümkinçilikleri, şonuň ýaly-da, özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit syýasatynyň käbir meseleleri barada özara pikir alyşmak mümkinçiligine kanagatlanma bildirdiler....

DOWAMY