SOŇKY HABARLAR
WENADA AHALTEKE BEDEWLERINE BAGYŞLANAN HALKARA WEBINAR GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Awstriýadaky Ilçihanasy Türkmen-Awstriýa Jemgyýeti bilen bilelikde Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30-ýyllygyna bagyşlanan “Ahalteke bedewleri – Türkmen halkynyň ganatlarydyr” ady bilen Halkara webinar geçirdi. Ahalteke bedewlerine bagyşlanan webinara Awstriýanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, Awstriýa, Wengriýa, Fransiýa ýaly ýurtlaryň Ahalteke bedewleriniň janköýerleri...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BAE-NYŇ DAŞARY IŞLER WE HALKARA HYZMATDAŞLYK MINISTRLIGINIŇ DÖWLET MINISTRI BILEN IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARYŇ ÖSÜŞINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDY
2022-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BAE-nyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň Döwlet ministri Ahmed Ali Al Saýegiň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Raşid Mereow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeih Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykandygy sebäpli çuňňur gynanjyny beýan etdi. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň ýokary ýolbaşçylarynyň arasynda ynamly gatnaşyklaryň ýoka...
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ “ÖMRÜMINŇ MANYSY” ATLY NEŞIR EDILEN KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
2022-nji ýylyň 3-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ömrüminň manysy” atly neşir edilen kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, Halkara gatnaşyklary institutynyň professor- mugallymlary hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler «Ömrümiň manysy» atly täze edebi-filosofik eseriniň man...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Türkmen halkynyň ynsanperwerlik däplerine esaslanyp Türkmenistan şu ýylyň aprelinde ukrain halkyna ynsanperwer kömegini ýollar. Ynsanperwer kömeginiň düzümi derman serişdelerinden we Türkmenistanyň beýleki lukmançylyk senagatynyň önümlerinden hem-de dokma önümlerinden ybarat bolar.
ADAM HUKUKLARY WE HALKARA YNSANPERWER HUKUGYNYŇ MESELELERI BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşygy açyp, Pudagara toparynyň başlygy, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň berjaý edilmeginiň üpjünçiligi babatynda Türkmenistan Hökümeti tarapyndan amala aşyry...
AŞGABATDA SENAGATÇYLAR WE TELEKEÇILER BIRLEŞMESINIŇ SERGISI HEM-DE MASLAHATY GEÇIRILÝÄR
2022-nji ýylyň 12-nji aprelinde Aşgabatda iri guramanyň — Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan serginiň we maslahatyň açylyş dabarasy boldy. Häzirki wagtda bu birleşme ýurdumyzyň hususy işewürliginiň wekilleriniň 27 müňden gowragyny özünde jemleýär. Serginiň açylyş dabarasyna gatnaşanlar Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler. Olaryň hatarynda Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejl...
HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARY BAŞLANDY
2022-nji ýylyň 1-nji aprelinde Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi. Paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş binasynyň öňündäki meýdançada Hindistan Respublikasynyň Liderini resmi garşylamak dabarasy boldy. Bu ýerde Prezident Ram Nath Kowindi Prezident Serdar Berdimuhamedow mähirli mübärekledi. Iki ýurduň Baştutanlary dostlarça salamlaşyp, ýörite bellenen ýere geçdiler. Hormat garawulynyň serkerdesi...