Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň çäklerinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landaunyň arasynda duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de onuň geljekki ösüş mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugry bolup durýandygyny belläp, maýa goýum we tehnologik ugurlarda hyzmatdaşlygyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar.
ABŞ-nyň öňdebaryjy kompaniýalaryny birleşdirýän we işewür gatnaşyklary giňeltmäge ýardam edýän Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň ähmiýeti hem bellenip geçildi.
Şeýle hem taraplar özara gyzyklanma döredýän halkara we sebit meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.