Türkmenistanyň Daşary işler ministri Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi
2025-nji ýylyň 4-nji fewralynda Astana amala aşyran sapary döwründe Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew tarapyndan kabul edildi.
Duşuşyk üçin hoşallyk bildirip, daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslakhatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystanyň Prezidentiniň adyna ýollanan mähirli salamyny ýetirdi.
Gazagystanyň Baştutany Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna minnetdarlygyny bildirdi we öz gezeginde mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi. Şeýle hem, Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň ähmiýetini belläp, ýurdy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başlanmagy bilen gutlady.
Prezident Kasym-Jomart Tokaýew ähli ugurlar boýunça dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlyga esaslanýan gazak-türkmen gatnaşyklarynyň ösüş derejesine ýokary baha berdi. Şeýle hem, Gazagystanyň Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge güýçli goldaw bermegi dowam etdirmäge meýillidigini beýan edildi.
Taraplar iki ýurduň arasynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi barada pikir alyşdylar hem-de energetika we ulag pudagynda ozal gazanylan ylalașyklaryň durmuşa geçirilmeginiň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar.