SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy
2025-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Duşenbe şäherinde GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow gatnaşdy. Mejlisiň dowamynda GDA döwletleriniň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary sebit we halkara meselelerine seredip geçdiler. Gatnaşyjylar Arkalaşygyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara we söwda-ykdysady kooperasiýanyň ös...
Duşenbede Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentleriniň duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa - Russiýa» ikinji sammitine hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherine iş sapar bilen ugrady. Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Täjigistanyň Prezidenti öz kärdeşini mähir...
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Baş syýasy sekretary bilen duşuşyk barada
2025-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Baş syýasy sekretary Datuk Seri Şamsul Iskandar Mohd Akiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-malaý gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar birek-birege hormat...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hirosi Sasakiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ösüşiniň ýokary depginini bellediler. Taraplar halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygy berkitmegiň mümkinçilikleri ara aly...
Bitaraplygyň dostlary toparynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň binasynda «Parlamentara dialog – dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm guraly» atly Bitaraplygyň dostlary toparynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi. Oňa Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlamentleriniň, Parlamentara Birleşigiň, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplom...
Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi diplomatik işini tamamlaýar
2025-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ýurdumyzda özüniň diplomatik işini tamamlaýan Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al-Azbi bilen duşuşygy geçirildi. Katar Döwletiniň Ilçisi Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna diplomatik wezipesini durmuşa geçirmekde beren hemmetaraplaýyn goldawy hem-de degişli ýardamlary üçin türkmen tarapyna özüniň minnetdarlygyny bildirdi. Gepleşikleriň dow...
Fizuli şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna metjit gurular
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmenistan tarapyndan Azerbaýjana sowgat hökmünde Fizuli şäherinde guruljak metjidiň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. 2025-nji ýylyň 8-nji oktýabryynda Gabala şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammiti tamamlanandan soňra, wekiliýet Baştutanlary sanly ulgam arkaly Türkmenistan tarapyndan Azerbaýjana sow...