RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
9 Noý

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň kömekçisini kabul etdi

2024-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň kömekçisi hanym Ruwendrini Menikdiwelany kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Prezidentine Türkmenistanyň raýatsyzlygy aradan aýyrmak işinde gazanan üstünlikleri üçin BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň güwänamasyny gowşurdy. Hanym R.Menikdiwela pursatdan...

DOWAMY
pic
8 Noý

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrleri telefon arkaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar

2024-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Takesi Iwaýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iň ýokary syýasy derejede ynanyşykly gatnaşyklara esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda,...

DOWAMY
pic
8 Noý

Aşgabat şäherinde «Merkezi Aziýada raýatsyzlygyň soňuna çykmak» boýunça ministrler derejesindäki maslahat geçirildi

2024-nji ýylyň 8-nji noýabrynda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Merkezi Aziýada raýatsyzlygyň soňuna çykmak» boýunça ministrler derejesindäki maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Hökümeti we Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi tarapyndan bilelikde guralan maslahata Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň, şeýle-de BMG-niň agentlikleriniň we halkara guram...

DOWAMY
pic
7 Noý

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Energetika serişdeleri boýunça kömekçisi bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Energetika serişdeleri boýunça kömekçisi Jeffri Paýettiň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar esasan hem söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika we beýleki ugurlarda ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň konstruktiw häsiýetini bellediler. Amerikan tarapy Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagyndan bäri Türkmenistanyň howanyň ü...

DOWAMY
pic
7 Noý

Türkmenistan raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça öňdebaryjy orny eýeleýär

Ynsanperwer ugur Türkmenistanyň BMG bilen alyp barýan strategiki hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Hususan-da, Türkmenistanyň Hökümeti BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi we beýleki halkara düzümleri bilen bilelikde bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek üçin degişli çäreleri amala aşyrýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň milli kanunçylygy BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi tarapyndan ýurtda...

DOWAMY
pic
7 Noý

BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň kömekçisi bilen Aşgabatda duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň kömekçisi Ruwendrini Menikdiwela bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň arasyndaky (UNHCR) uzak möhletleýin gatnaşyklaryň netijeliligini bellediler. Bosgunlar we raýatlygy bolmadyk adamlar baradaky BMG-niň esasy hukuk resminamalarynyň gatnaş...

DOWAMY
pic
6 Noý

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi

2024-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ykdysadyýet we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça federal ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Atdaýewiň gatnaşmagynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi. Mejlis iki bölümden ybarat bolup, onuň birinji bölüminde Türkmenistanyň we Germaniýanyň ykdysady mümkinçilikleri, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň...

DOWAMY