RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
13 Mar

Türkmenistan — Germaniýa: medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Muzeý gymmatlyklary we medeni gatnaşyklar» mowzugy boýunça duşuşyk geçirildi. Ol ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynda geçirilýän «Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyryň şalygy» atly arheologik sergä bagyşlandy. Duşuşyga ýurdumyza sapar bilen gelen Berliniň döwlet muzeýler birleşigine girýän Taryh döwrüne çenli we irki taryh muzeýiniň, Mangeým şäheriniň Raýs-Engelhorn mu...

DOWAMY
pic
6 Mar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Bütindünýä bankynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2019-njy ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Bütindünýä bankynyň Merkezi Aziýa boýunça Sebit direktory hanym Liliýa Burunçuk we Bütindünýä bankynyň Türkmenistan boýunça dolandyryjysy jenap Ýan Peter Olters bilen duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda, wekiliýetiň agzalary duşuşygyň gurnalandygy üçin minnetdarlygyny bildirip, Türkmenistan bilen Bütindünýä bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşiniň uly geljeginiň bardygyny belläp ge...

DOWAMY
pic
5 Mar

«Hazar deňzi - durnukly ösüş we dolandyryş» atly ýedinji okuw maslahaty öz işine başlady

2019-njy ýylyň 4-nji martynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Hazar deňzi — durnukly ösüş we dolandyryş» atly ýedinji okuw maslahaty öz işine başlady. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça geçirilýän bu çäräniň guramaçylary bolup Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň hyzmatdaşy hasaplanylýan Halkara ummanlar instituty çykyş edýärler...

DOWAMY
pic
5 Mar

Türkmenistanyň wekiliýeti «Hazar deňzi – Gara deňiz» halkara ulag ugrunyň döredilmeginiň taslamasy boýunça dörttaraplaýyn duşuşyga gatnaşdy

2019-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän türkmen wekiliýeti Buharest şäherinde geçirilen «Hazar deňzi – Gara deňiz» halkara ulag ugrunyň döredilmeginiň taslamasy boýunça Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň daşary işler ministrleriniň dörttaraplaýyn duşuşyga gatnaşdy. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ýörite duşuşygynyň gün tertibine «Gündogar-Günbatar» ykdysady hyzmatdaşlygynyň geografiki ugrunyň möhüm böle...

DOWAMY
pic
4 Mar

Türkmenistanyň we Gruziýanyň Daşary işler ministrlikleriniň wekiliýetleriniň arasyndaky duşuşyk

2019-njy ýylyň 3-nji martynda Buharest şäherinde Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary tarapyndan başlyklyk edilýän daşary syýasat edaralarynyň wekiliýetleriniň arasynda duşuşuk geçirildi. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşyldy.  Daşary işler ministrleri Türkmenistanyň we Gruziýanyň arasyndaky syýasy-diplomatik özarahereketleriň ýokary derejesini bellemek bilen, ýokary döwlet derejesinde kemala gel...

DOWAMY
pic
1 Mar

Döwlet Baştutanyň “Altyn asyr” kölüne iş sapary

2019-njy ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik missiýalarynyň we daşary ýurt wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda “Altyn asyr” kölünde iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti bu sebitde bellenilen maksatnama laýyklykda ýerine ýetirilen işler bilen tanyşyp, diplomatik wekilh...

DOWAMY
pic
1 Mar

Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarlandyrylan wekilleri ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar

2019-njy ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Hazar deňzinde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Teswirnamanyň” taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça hazarýaka döwletleriniň ygtyýarlandyrylan wekilleriniň iki günlük mejlisi öz işine başlady. Maslahata Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Eýranyň we Russiýanyň wekilleri gatnaşýar. Gepleşikleriň başynda, myhmanlar türkmen tarapyna duşuşygyň guramaçylygy we myhmansöýe...

DOWAMY