RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
24 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti ýapon işewürleri bilen ertirlik naharyny geçirdi

2019-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda irden Tokioda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iri ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Duşuşyk «Chinzanso Tokyo» myhmanhanasynda iş ertirlik nahary görnüşinde  geçirildi. Duşuşyga «ITOCHU», «Sojitz», «Mitsubishi», «Kawasaki Heavy Industries» we beýleki birnäçe meşhur korporasiýalarynyň ýolbaşçylary,  şeýle hem hökümet agzalarynyň, aýratyn alnan ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we Senagatçylar we telekeçil...

DOWAMY
pic
24 Okt

Türkmenistanyň wekiliýeti Tbilisi Ýüpek Ýoly Forumyna gatnaşdy

2019-njy ýylyň 22–23-nji oktýabrynda Tbilisi şäherinde üçünji Ýüpek Ýoly Forumy geçirildi, oňa Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygynyň ýolbaşçylyk etmeginde Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy. Tbilisi Ýüpek Ýoly Forumyna 60-a golaý ýurtdan 2 000-den gowrak  adam, ýagny syýasy ýolbaşçylar, bilermenler we halkara guramalaryň wekilleri, işewürler gatnaşdy. Forumda söwda, ulag we energetika, hususy telekeçilik we Gruziýanyň maýa...

DOWAMY
pic
23 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Imperatorynyň tagta çykmagy mynasybetli geçirilýän dabara gatnaşdy

2019-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda günüň ikinji ýarymynda Döwlet Baştutanymyz «Chinzanso Tokyo» myhmanhanasyndan çykyp, Ýaponiýanyň Imperatorynyň köşgüne tarap ugrady. Bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara çagyrylan beýleki belent mertebeli myhmanlar bilen bilelikde, Imperator Naruhitonyň tagta çykmagy mynasybetli geçirilýän dabara gatnaşdy. Çärä dünýäniň 180-den gowrak ýurdundan wekiller, şeýle hem myhmanlaryň 2 müňe golaýy gatnaşdy. Däp bolşy ýaly, tagta geçmek dabarasyna...

DOWAMY
pic
23 Okt

Korrupsiýa garşy göreşmek boýunça çäreler – ÝHHG-niň Türkmenistanda geçirilen okuw sapagynyň üns merkezinde

2019-njy ýylyň 21-22-nji oktýabrynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi ÝHHG-niň Ykdysady we ekologiki iş boýunça Utgaşdyryjysynyň Edarasy bilen birlikde «Korrupsiýa garşy göreşmek ulgamynda institusional we kanunçylyk gurallary» temasy boýunça okuw maslahatyny gurady. Okuw maslahaty Merkeziň «Döwlet dolandyrylyşynyň degişli tejribesiniň ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagy» taslamasynyň çäklerinde guraldy. Çärä ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň, şol sanda Içeri işler, Maliýe we...

DOWAMY
pic
22 Okt

Gurbanguly Berdimuhamedow Hirosaki Uniwersitetiniň Hormatly doktory boldy

2019-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda «Chinzanso Tokyo» myhmanhanasynda Tokio iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Hirosaki Uniwersitetiniň Hormatly doktory diýen akademiki derejesiniň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabara Hirosaki uniwersitetiniň, beýleki ýapon ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-Türkmen assosiasiýasynyň wekilleri, Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Hirosaki Un...

DOWAMY
pic
22 Okt

Tbiliside Halkara ulag üstaşyr geçelgeleri boýunça türkmen-gruzin toparynyň mejlisi öz işine başlady

2019-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Tbilisi şäherinde Halkara ulag üstaşyr geçelgeleri boýunça türkmen-gruzin toparynyň ikinji mejlisi öz işine başlady. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministriniň orunbasary, Gruzin wekiliýetine bolsa Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary ýolbaşçylyk edýär. Wekilýetler söwda dolanşygynyň statistiki maglumatlary we iki ýurduň arasyndaky ulag üstaşyr geçelgeleriniň möçberini artdyrmaklyk barada pikir alyşdy...

DOWAMY
pic
21 Okt

Türkmen wekiliýeti ilkinji gezek Bütindünýä harby oýunlaryna gatnaşdy

2019-njy ýylyň 18-nji oktýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Uhan şäherinde VII tomusky Bütindünýä harby oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa ilkinji gezek Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň sport wekiliýeti gatnaşdy.     Bütindünýä harby oýunlar – dünýäde Olimpiadadan soňky iň iri sport çäresidir. Şu ýylyň 27-nji oktýabryna çenli dowam etjek häzirki oýunlara dünýäniň 100-den gowrak ýurdundan on müňden gowrak türgen we tälimçi, şeýle-de tehniki işgärleriň wekilleri gatnaşýarlar. Türkmen...

DOWAMY