SOŇKY HABARLAR
Aşgabatda türkmen-owgan syýasy geňeşmeleri geçirildi
2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-niň binasynda wideokonferensiýa görnüşinde türkmen-owgan syýasy geňeşmeleri geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde geçirildi. Geňeşmeleriň barşynda taraplar sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşdylar hem-de halkara jemgyýetçiligi üçin ýeňil bolmadyk häzirki döwürde ýurtlaryň özarahereketlerine we birek-birege kömek bermekleriniň derw...
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň arasynda sanly wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi
2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň binasynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň arasynda sanly wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde nebit-gaz we himiýa pudaklaryndaky özara bähbitli hyzmatdaşlyk bilen bagly köp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Oba we suw hojalygy pudaklarynda öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak we ýapon hyzmatdaşlarynyň sil akymlarynyň öňüni almak we olary ilatly ýerlerd...
Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň wekilleri bilen onlaýn görnüşinde duşuşyk
Şu gün, 2020-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-de Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň Global aragatnaşyklar sekretariatynyň Ýewraziýa müdiriýetiniň başlygy William Tompsonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, şol sand...
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýeti wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen halkara media-forumynda ara alnyp maslahatlaşyldy
Şu gün, 2020-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen halkara media-forumy geçirildi. Media-foruma Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ençemesiniň professor-mugallymlary, milli habar beriş serişdelerimiziň wekilleri, ylmy işgärler, bilermenler, şeýle-de «МIR», «...
Ulag ulgamynda türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi
2020-nji ýylyň 16-njy aprelinde “Türkmendemirýollary” agentliginiň, “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Ulag ministrliginiň Demir ýollary edarasynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat geçirildi. Türkmen tarapyna “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy A.Atamyradow ýolbaşçylyk etdi. Owgan tarapyna bolsa Owganystanyň Demir ýollary edarasynyň baş direktory Mohammad Ýamma Şams ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň barşynd...
Türkmenistanyň Prezidenti wideomaslahat görnüşinde geçirilen Türki dilli Geňeşiň Sammitine gatnaşdy
Şu gün, 2020-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlygy Geňeşiniň başlygy bolup durýan Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça Türki dilli döwletleriň Geňeşiniň nobatdan daşary Sammitine gatnaşdy. Wideomaslahat görnüşinde geçirilen Sammit Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň baştutanlaryny özünde jemledi. Çärä şonuň ýaly-da Wengriýanyň Premýe...
Türkmenistan we BMG işjeň gatnaşyklaryny dowam edýärler
2020-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanda akkreditirlenen Birleşen Milletler Guramasynyň agentlikleriniň we ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy, BMG-niň Çagalar gaznasynyň, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hem-de BMG-niň Ilat Gaznasynyň Türkmenistandaky...