SOŇKY HABARLAR
Korrupsiýa garşy göreşmek boýunça çäreler – ÝHHG-niň Türkmenistanda geçirilen okuw sapagynyň üns merkezinde
2019-njy ýylyň 21-22-nji oktýabrynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi ÝHHG-niň Ykdysady we ekologiki iş boýunça Utgaşdyryjysynyň Edarasy bilen birlikde «Korrupsiýa garşy göreşmek ulgamynda institusional we kanunçylyk gurallary» temasy boýunça okuw maslahatyny gurady. Okuw maslahaty Merkeziň «Döwlet dolandyrylyşynyň degişli tejribesiniň ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagy» taslamasynyň çäklerinde guraldy. Çärä ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň, şol sanda Içeri işler, Maliýe we...
Gurbanguly Berdimuhamedow Hirosaki Uniwersitetiniň Hormatly doktory boldy
2019-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda «Chinzanso Tokyo» myhmanhanasynda Tokio iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Hirosaki Uniwersitetiniň Hormatly doktory diýen akademiki derejesiniň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabara Hirosaki uniwersitetiniň, beýleki ýapon ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-Türkmen assosiasiýasynyň wekilleri, Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Hirosaki Un...
Tbiliside Halkara ulag üstaşyr geçelgeleri boýunça türkmen-gruzin toparynyň mejlisi öz işine başlady
2019-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Tbilisi şäherinde Halkara ulag üstaşyr geçelgeleri boýunça türkmen-gruzin toparynyň ikinji mejlisi öz işine başlady. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministriniň orunbasary, Gruzin wekiliýetine bolsa Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary ýolbaşçylyk edýär. Wekilýetler söwda dolanşygynyň statistiki maglumatlary we iki ýurduň arasyndaky ulag üstaşyr geçelgeleriniň möçberini artdyrmaklyk barada pikir alyşdy...
Türkmen wekiliýeti ilkinji gezek Bütindünýä harby oýunlaryna gatnaşdy
2019-njy ýylyň 18-nji oktýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Uhan şäherinde VII tomusky Bütindünýä harby oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa ilkinji gezek Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň sport wekiliýeti gatnaşdy. Bütindünýä harby oýunlar – dünýäde Olimpiadadan soňky iň iri sport çäresidir. Şu ýylyň 27-nji oktýabryna çenli dowam etjek häzirki oýunlara dünýäniň 100-den gowrak ýurdundan on müňden gowrak türgen we tälimçi, şeýle-de tehniki işgärleriň wekilleri gatnaşýarlar. Türkmen...
Hytaýda HHR - Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygynyň VII forumy geçirildi
2019-njy ýylyň 18-19-njy oktýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Guwansi-Çžuan awtonom etrabynyň ykdysady-dolandyryş we medeni merkezi bolan Nannin şäherinde Hytaý - Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygynyň VII forumy geçirildi. Çäre hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk hyzmatdaşlyk boýunça Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hytaý komiteti, Guwansi-Çžuan awtonom etrabynyň daşary işler boýunça kanselýariýasy we bu etrabyň Halk hökümeti tarapyndan guraldy. Duşuşyk Türkmenistanyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystan...
Türkmen wekiliýeti Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlygy geňeşiniň VII Sammitine gatnaşdy
2019-njy ýylyň oktýabr aýynyň 15-ne Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherinde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlygy geňeşiniň VII Sammiti geçirildi. Ýokary derejedäki çärä Türkiýäniň Prezidenti R.T.Ärdogan, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.Mirziýoýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti S.Žeenbekow, Wengriýanyň Premýer-ministri W.Orban, Gazagystanyň ilkinji Prezidenti N.Nazarbaýew we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary P.Agamyradowyň ýolbaşçylygyndaky wek...
Türkmenistanyň ÝHHG-niň ýanyndaky wekilýeti GDA-nyň Aşgabat Sammitiniň jemleri boýunça beýannama bilen çykyş etdi
2019-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Hemişelik Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Döwlet baştutanlarynyň Sammitiniň jemleri boýunça beýannama bilen çykyş etdi. Beýannamada Sammitiň dowamynda oňa gatnaşyjylaryň GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk barada pikir alyşandyklary we köpugurly hyzmatdaşlygyň has ýokary derejeleriniň gazanylmagyna gönükdirilip alnyp barylýan bilelikdäki işlere ýokary baha berendikleri bell...