RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
7 Awg

Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Elmar Mamedýarow bilen söhbetdeşlik

Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri E.Mamedýarowyň «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» žurnalynyň redaksiýasynyň birinji Hazar ykdysady forumy hakynda beren sowalyna jogaby - Jenap Ministr, Siz Türkmenistanyň Prezidentiniň Hazarýaka ýurtlarynyň Döwlet baştutanlarynyň Aktauda geçirilen sammitinde öňe süren birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegi baradaky başlangyjyna nähili baha berýärsiňiz?     Ilki bilen pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň halkyna iň ýakym...

DOWAMY
pic
6 Awg

Aşgabatda adam söwdasynyň öňüniň alynmagy boýunça MHG-nyň okuw sapagy geçirilýär

2019-njy ýylyň 5-nji awgustynda Türkmenistanyň paýtagtynda Migrasiýa boýunça halkara guramasy (MHG) tarapyndan guralan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri we bilim edaralarynyň hünärmenleri üçin niýetlenen  okuw sapagy öz işine başlady. Okuw sapagyna Türkmenistanyň Mejlisiniň, Adalatçysynyň, Ylymlar akademiýasynyň, Adalat, Bilim, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Zenanlar birleşiginiň, Gyzyl ýarymaý milli jemgyýetiniň, D...

DOWAMY
pic
5 Awg

Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrow bilen söhbetdeşlik

Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrowyň “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň redaksiýasyna birinji Hazar ykdysady forumy hakynda beren sowalyna jogaby Sowal: Hazar gün tertibiniň ilerledilmeginde, Hazarda köpugurly hyzmatdaşlygyň formatynyň pugtalandyrylmagynda birinji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýetine Siz nähili baha berýärsiňiz? Jogap: Hazar sebitiniň ykdysady ösüş meselesiniň netijeli hem-de özarabähbitli esasda çözülmegi 2018-nji ýylyň awgus...

DOWAMY
pic
3 Awg

Owganystanyň Hyrat welaýatynyň wekiliýetiniň Türkmenistana sapary

2019-njy ýylyň 30-njy iýuly – 2-nji awgusty aralygynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat welaýatynyň häkimi Abdul Kaýum Rahiminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyzyň Mary welaýatynda hem-de Aşgabat şäherinde saparda bolýar. Wekiliýetiň Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde welaýatyň häkimi hem-de degişli döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyklaryň barşynda iki doganlyk ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy....

DOWAMY
pic
2 Awg

Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ösdürilmegi boýunça halkara tegelek stoly Aşgabatda guraldy

2019-njy ýylyň 1-nji awgustynda Türkmenistanyň paýtagtynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti» atly halkara tegelek stoly geçirildi.    Tegelek stoluň işine Türkmenistanyň Energetika, daşary işler, bilim, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleri bilen birlikde birnäçe pudak edaralarynyň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem bu çärä Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA), ÝHHG-niň, BMG-niň Ö...

DOWAMY
pic
31 Iýul

Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň wekili bilen duşuşyk

2019-njy ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň (GH we GÝJHF) baş sekretarynyň maksatnamalar we administratiw meseleleri boýunça orunbasary Jagan Çapagan bilen duşuşyk geçirildi.  Duşuşygyň barşynda taraplar GH we GÝJHF-niň we Türkmenistanyň arasyndaky ynsanperwerlik hyzmatdaşlygynyň netijeliligini belläp geçdiler. Myhman önjeýli hyzmatdaşlyk saklaýandyghy üçin türkmen t...

DOWAMY
pic
31 Iýul

Türkmen wekiliýeti ABU bilen TRT-nyň bilelikde gurnamagynda geçirilen Global habarlar forumynyň işine gatnaşdy

2019-njy ýylyň 29-31-nji iýuly aralygynda türkmen wekiliýeti Stambul şäherinde geçirilýän Aziýa-Ýuwaş Umman teleradiogepleşikler birleşigi (ABU) bilen Türkiýe Respublikasynyň Döwlet Radio we Telewideniýe guramasy (TRT) tarapyndan gurnalýan 5-nji Global habarlar forumynyň işine gatnaşdy.  Bu foruma gatnaşyjylar möhüm meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar, hususan-da, dünýäde halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini ara alyp maslahatlaşdylar. TRT-nyň Baş direktory Ibrah...

DOWAMY