SOŇKY HABARLAR
Türkmen teatry Halkara teatr festiwalyna gatnaşdy
2019-njy ýylyň 11-14 oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde görnükli gazak ýazyjysy Abiş Kekilbaýewiň 80-ýyllygyna bagyşlanan “ABIŞ ÄLEMI” atly Halkara teatr festiwaly geçirildi. Bu çärä Ermenistanyň, Gruziýanyň, Eýranyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Türkiýänyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň teatrlary gatnaşdylar. Festiwalda Türkmenistana Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatry wekilçilik etdi. Lebaply teatryň görkezen “Daýhatyn” atly oýny tomaşaç...
Aşgabatda Türkmenistan bilen HHR-nyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
2019-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda daşary işler ministrleriň orunbasarlary derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Hytaý wekiliýetine Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Le Ýuýçen ýolbaşçylyk etdi. Hususan-da, taraplar sebitleýin we halkara gün tertibiniň derwaýys meselelerine garadylar. Ýokary derejelerdäki duşuşyklary işjeňleşdirmek hakynda...
Türkmenistanyň DIM-nde GDA döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň jemleri boýunça brifing geçirildi
2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda milli we daşary ýurtly habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, şeýle hem Türkmenistanda işleýän diplomatiki missiýalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de işgärleriniň gatnaşmaklarynda üstümizdäki ýylyň 10 we 11 oktýabrynda bolup geçen GDA döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň jemleri boýunça brifing geçirildi. Türkmenistanyň D...
Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi
2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti I.Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti A.Lukaşenko, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri N.Paşinýan, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti K.Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti S.Žeyenbekow, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti I.Dodon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.Mirziýoew, Russiýa Federasiýasyn...
Türkmenistanyň Prezidenti G.Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti A.Lukaşenko bilen duşuşdy
2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Prezident A.Lukaşenkonyň baştutanlygyndaky Belarus Respublikasynyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Saparyň çäklerinde 11-nji oktýabrda Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-belarus gatnaşyklarynyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-yns...
Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda duşuşyk geçirildi
2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.W.Putinyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Saparyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda dostlukly döwletleriň baştutanlary syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarda ikitaraplaýyn strategiki hyz...
Türkmenistanyň we Gazagystanyň Liderleri strategiki hyzmatdaşlygyň ösüş meseleleri barada pikir alyşdylar
2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Prezident Kasym-Jomart Tokaýewiň ýolbaşçylygyndaky Gazagystan Respublikasynyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Saparyň çäklerinde Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti K.Tokaýew bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda türkmen-gazak gatnaşyklarynyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky...