SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
2021-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň daşary işler ministrleriniň 6-njy duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Subrahmaniýam Jaýşankar bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi. Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer hem-de beýleki ileri tutulýan ulgamlardaky özara bähbitli hyzmatdaşly...
Döwlet Baştutany «EKSPO-2020» bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasyna gatnaşdy
2021-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Dubaý şäherinde geçirilýän «EKSPO-2020» bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasy geçirildi. Dubaýyň howa menzilinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy BAE-niň resmi wekilleri mähirli garşy aldylar. Iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe ýokary derejeli ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi. Hususan-da, Şeýh Maktum adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmeni...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna resmi sapary başlandy
Şu gün, 4-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna resmi sapar başlandy. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşygy geçiriler. Ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça 20-den gowrak ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegine garaşylýar. Şeýle hem saparyň çäklerinde türkmen-özbek ykdysady forumy geçiriler. Oňa iki döwletiň döwlet we...
Türkmenistanyň we Eýranyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
2021-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Hossein Amir Abdollahian bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Işjeň söhbetdeşligiň barşynda ministrler ikitaraplaýyn we sebit ähmiýetli meseleleriň giň toplumyna seredip geçdiler. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynd...
Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny giňden belläp geçdi
Türkmen halky Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny bitewilik we jebislik ruhunda özboluşly joşgun bilen garşylady. Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen şu ýubileý ýyly Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň taryhy senenamasyna täze şöhratly sahypalary girizdi. 27-nji sentýabrda ýurduň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda gurlup, ulanylmaga berlen Döwlet Münberiniň toplumynda geçirilen baýramçylyk ýörişi Watanymyzyň garaş...
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan çäreler
2021-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda türkmen halky döwletimiziň baş baýramlarynyň biri bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny dabaraly belläp geçýär. Baýramçylyk güni Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyndan başlandy. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Şeýle-de gül goýmak dabarasyna Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow, Sankt-Peterburg şäheriniň Gubernatory A.D.Beglow, ýurdumyzda işleýän diplomatik weki...
Aşgabatda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň mejlisi geçirildi
2021-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň saýlanan agzalary, Mejlisiň deputatlary, döwlet häkimiýet edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň häkimleri, halkyň hormatly ýaşululary,...