SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan ÝHHG-niň çäklerinde ynsanperwerlik ugry boýunça hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydyr
ÝHHG-niň Ministrler geňeşiniň wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen mejlisinde demokratiýanyň, kanunyň hökmürowanlygynyň we şahsy erkinligiň gymmatlyklarynyň saklanylmagy boýunça bilelikdäki hereketler ara alnyp maslahatlaşyldy. Öz çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri has demoktarik we parahatçylykly ýewroatlantiki hem-de ýewraziýa sebitiniň döredilmegi ugrunda çykyş edýän ÝHHG-niň çäklerindäki işleriň ynsanperwerlik ölçeglerine aýratyn üns berdi. Ministr Meredow ÝHHG-niň çäkler...
Türkmenistan ÝHHG-niň platformasynda tebigaty goramak we howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini teklip edýär
Şu gün, onlaýn görnüşinde geçirilýän ÝHHG-niň Ministrler geňeşiniň mejlisinde çykyş etmek arkaly, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow tebigaty goramak we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň derwaýyslygyny aýratyn belläp geçdi. Mälim bolşy ýaly, ekologiýa howpsuzlygy – ýurtlaryň ÝHHG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy ekologiýa meseleleriniň netijeli we gaýragoýulmasyz çözgütleriniň gözlenilmeginiň zerurlygyny...
Türkmenistan integrasiýa hereketlerinde energetikanyň we ulagyň ähmiýetligini öňe çykarýar
ÝHHG-niň Ministrler geňeşi Guramanyň öňünde duran derwaýys meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy hem-de umumy wezipeleriň çözülmegi üçin netijeli platforma bolup durýandyr. Tirana şäherinde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilýän ÝHHG-niň Ministrler geňeşiniň 27-nji mejlisiniň birinji gününde durmuş-ykdysady häsiýetli meselelere seredildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow halkara syýasatynda ähmiýetli orun eýeleýän Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitlerine mejlise gat...
ÝHHG-niň Ministrler geňeşinde howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi boýunça Türkmenistanyň konseptual çemeleşmeleri beýan edildi
Şu gün, onlaýn görnüşinde geçirilen ÝHHG-niň Ministrler geňeşiniň 27-nji mejlisiniň barşynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Türkmenistanyň baştutanynyň howpsuzlyk konsepsiýasy babatyndaky nukdaýnazaryny beýan etdi. Hususan-da, howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi boýunça Türkmenistanyň konseptual çemeleşmeleriniň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň, ÝHHG-niň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň platformalarynda eden çykyşlarynyň barşynda ençeme gezek...
Türkmenistanyň daşary işler ministri ÝHHG-niň Ministrler geňeşine gatnaşdy
2020-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Albaniýa Respublikasynyň paýtagty Tiranada Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Ministrler geňeşiniň 27-nji mejlisi wideokonferensiýa görnüşinde öz işine başlady. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň gün tertibi mazmuna baý boldy. Mejlisiň birinji gününde ÝHHG-niň häzirki Başlygynyň we Guramanyň Parlament Assambleýasynyň Prezidentiniň ý...
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlady
2020-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Halkara sergi öz işine başlady. 12-nji dekabra – Halkara bitaraplyk gününe çenli dowam etjek sergi ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ýetilen sepgitlere bagyşlanar. Serginiň işiniň birinji güni söwda ulgamynyň we daşary ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşine bagyşlandy. Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, deputa...
Türkmenistan Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy bilen ynsanperwer we ylmy ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar
Şu gün, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň agza-döwletleriniň Hökümet baştutanlarynyň (premýer-ministrleriniň) geňeşiniň wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde bütindünýä koronawirus ýokanjy döwründe ylym, saglygy goraýyş we lukmançylyk ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ylmy gatnaşyklaryň hem-de ylmy alyş-çalşyň, täze tehnologiýalary ulanmagyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Şeýle hem wekiliýet baştutanlary ŞHG-nyň agza-döwletleriniň taryhy-medeni...