SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň we Gazagystanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi
2020-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylary sebit we halkara gün tertibi, şeýle-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag, medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurda diplomatlar ýokary derejedäki...
ПРЕСС-РЕЛИЗ
В связи с продолжающейся пандемией коронавируса нового типа и предпринимаемыми со стороны международного сообщества комплексными мерами по противодействию этой глобальной угрозе Министерство иностранных дел Туркменистана информирует о нижеследующем. С первых дней начала распространения в мире COVID-19, в Туркменистане на системной основе была организована работа по предотвращению заноса этой инфекции на территорию страны. В данном контексте под руководством Президента Туркменистана была со...
Türkmenistanyň DIM-de ýurdumyzyň daşary syýasy işiniň 2020-nji ýylyň birinji ýarym ýyllygy boýunça syny geçirildi
2020-nji ýylyň 6-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasy işiniň 2020-nji ýylyň birinji ýarym ýyllygynyň jemleri boýunça synyna bagyşlanan mejlis geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda ýurdumyzyň daşary syýasy ugry boýunça gazanylan esasy üstünlikler beýan edildi....
Türkmenistanyň we Owganystanyň Daşary işler ministrleri telefon arkaly birnäçe meseläni ara alyp maslahatlaşdylar
2020-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini w.ýe.ýe. Mohammad Hanif Atmaryň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Taraplar iki döwletiň baştutanlarynyň hem-de daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky yzygiderli gepleşikleriň ähmiýetini bellediler. Jenap Atmar pandemiýa ýagdaýlary döwründe Owganystana iberilen ynsanperwer kömegi üçin Türkmenistanyň adyna hoşallyk sözlerini beýan...
Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň üç taraplaýyn duşuşygy geçirildi
2020-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň arasynda wideomaslahat görnüşinde üç taraplaýyn duşuşyk geçirildi. Owganystan-Türkmenistan- Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe («Lapis Lazuli») halkara üstaşyr-ulag geçelgesiniň iri möçberli bilelikdäki taslamasyny amala aşyrmak baradaky mesele ýokary derejedäki iş maslahatynyň gün tertibine çykaryldy. Bu iri möçberli bilelikdäki taslamany amala aşyrmak baradaky meselä bagyşlanylan wideomaslahatyň barşynda Owg...
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanyldy
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 75-nji sessiýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanyldy. Bu barada 2020-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy habar berdi. Biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň wise-başlyklygyna altynjy gezek saýlanýandygyny aýratyn nygtamak zerurdyr. Çünki mundan ozal Türkmenistan hut şu derejesinde 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji we 71-nji sessiýalara gatnaşdy. Ýurd...
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy «С5+1» formatyndaky ministrleriň duşuşygyna gatnaşdy
2020-nji ýylyň 30-njy iýunynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we ABŞ-niň daşary işler ministrleriniň «С5+1» formatyndaky nobatdaky duşuşygy sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Duşuşyga Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri gatnaşdylar. Gatnaşyjylar syýasy-diplomatiki ugur boýunça özarahereketlere we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň...