SOŇKY HABARLAR
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygynyň Türkmenistana sapary
2021-nji ýylyň 4-nji iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyr iş sapary bilen Aşgabada geldi. Şu gün, 5-nji iýulda jenap Wolkan Bozkyr Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Soňra Türkmenistanyň DIM-de Wolkan Bozkyryň baştutanlygyndaky BMG-niň wekiliýetiniň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti bil...
Aşgabatda syýasatşynaslaryň we žurnalistleriň gatnaşmagynda media-forum geçirildi
2021-nji ýylyň 30-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda gibrid görnüşinde «Syýasatşynaslaryň we žurnalistleriň gatnaşmagynda Sebitleýin dialogy» atly halkara media-forum geçirildi. Çärä syýasatşynaslar, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, ýurdumyzyň habarlar agentlikleriniň we öňdebaryjy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we baş redaktorlary, ýurdumyzda akkeditirlenen daşary ýurt KHBS-niň wekilleri, Türkmenistanda işleýä...
Türkmenistanyň wekiliýeti Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti ýurtlarynyň ýokary derejeli maslahatyna gatnaşdy
2021-nji ýylyň 23-nji iýunynda “Bir guşak, bir ýol” Başlangyjyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk boýunça Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti ýurtlarynyň ýokary derejeli maslahaty geçirildi. “Durnukly ösüşiň maksatlarynda pandemiýa garşy göreşmek babatdaky hyzmatdaşlyga ýardam bermek” atly çäre Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan Iniň ýolbaşçylygynda geçirildi. Çärä Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti ýurtlarynyň, Merkezi Aziýanyň ýokary derejeli resmi wekilleri, şeýle-de halkara we sebit guramalaryň we...
Turkmenistan bilen Niger Respublikasy diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýdy
2021-nji ýylyň 22-nji iýunynda Nýu Ýork şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik Wekilhanasynyň edara binasynda Türkmenistan bilen Niger Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakyndaky Bilelikdäki Komýunike gol çekmek dabarasy geçirildi. Gol çekmek dabarasynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik Wekili Aksoltan Ataýewa bilen Niger Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişeli...
Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografik komissiýasynyň Assambleýasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlandy
2021-nji ýylyň 21-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Hökümetara okeanografik komissiýasynyň Assambleýasynyň 31-nji mejlisiniň barşynda Türkmenistan bu komissiýanyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna 2021-2023-nji ýyllar döwri üçin saýlanyldy. Ýerine ýetiriji geňeş Assambleýa bilen bilelikde ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografik komissiýasynyň ýolbaçşy edarasy bolup durýar. Hökümetara okeanografik komissiýanyň maksady halkara h...
ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boyunca Ýokary komissary bilen duşuşyk
Şu gün, 21-nji iýunda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow wideoaragatnaşyk arkaly ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissary Kaýrat Abdrahmanow bilen duşuşdy. Taraplar Türkmenistan bilen ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň edarasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Duşuşygyň barşynda ÝHHG-niň adam ölçegleri boýunça meseleleriniň çäklerindäki tasla...
Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine sapary
2021-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine sapary başlandy. Wekiliýetiň düzüminde – Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bardyr. 10-njy iýunda türkmen wekiliýetiniň Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy...