SOŇKY HABARLAR
Aşgabatda «Bitarap Türkmenistan – parahatçylygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna» temasy boýunça onlaýn görnüşindäki diplomatik okuwlar başlady
2020-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guranamagynda «Bitarap Türkmenistan – parahatçylygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna» temasy boýunça daşary ýurtlaryň ýaş diplomatlary üçin onlaýn görnüşindäki üç günlük diplomatik okuwlar başlady. Bu okuwlara dünýäniň 13 ýurdundan, hususan-da Owganystandan, Özbegistandan, Russiýadan, Türkiýeden, Belarusdan, Awstriýadan, ABŞ-dan, Wengriýadan, Günor...
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşygy
2020-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Katsumata Takahiko bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar dostluk, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp geçdiler. Soňky ýyllaryň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-ýapon gatna...
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2020-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow netijeli türkmen-hindi gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge berýän ünsi üçin Prezident Ram Nath Kowinde tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, biziň ýurtlarymyzyň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara düzümleriň ugry boýunça hem işjeň hy...
Türkmenistanyň we ÝUNKTAD-yň wekilleri hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
2020-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) Baş sekretary Mukis Kituýi we BMG-niň Baş Sekretarynyň kömekçisi, BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň Ýewropa we GDA döwletleri boýunça sebitleýin direktory Mirýana Spolýariç Egger bilen wideokonferensiýa görnüşindäki duşuşygy geçirildi. Duşuşyga şeýle hem BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik Wekiliniň wezipesini ýerine ýetiriji Natiýa Natsw...
Совместное заявление по трехсторонней встрече Афганистан – Туркменистан – Соединенные Штаты Америки
Текст следующего заявления был опубликован Правительствами Соединенных Штатов Америки, Исламской Республики Афганистан и Туркменистана по случаю первой трехсторонней встречи Афганистан – Туркменистан – Соединенные Штаты Америки. Представители правительств Соединенных Штатов Америки, Исламской Республики Афганистан и Туркменистана собрались в режиме телеконференции 8 октября 2020 года на трехстороннюю встречу Афганистан-Туркменистан-Соединенные Штаты Америки. Встреча проходила под со-председат...
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky doganlyk, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň sazlaşykly we okgunly häsiýete eýe bolup durýandygyny, olaryň çuňňur mähirlilik we açyklyk bilen tapawutlanýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Bellenilişi ýaly, soňk...
Türkmenistanyň, Owganystanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň üçtaraplaýyn duşuşygy
2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistan–Owganystan–ABŞ formatynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Dewid Heýl we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mohammad Hanif Atmar gatnaşmaklarynda ilkinji gezek wideokonferensiýa görnüşinde duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer häsiýetli möhüm meseleleriň bir...