SOŇKY HABARLAR
Sebitleýin hyzmatdaşlyk boýunça ýokary derejeli duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň möhüm orny bellenilip geçildi
2020-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Owganystan boýunça Maslahatyň çäklerinde sebitleýin hyzmatdaşlyk boýunça ýokary derejeli duşuşyk onlaýn görnüşinde geçirildi. Bu çärede Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistana wekilçilik etdi. Döwlet we hökümet, şeýle-de halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşan duşuşygynyň barşynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýun...
Türkmenistan Ženewada geçirilýän Owganystan boýunça ýokary derejeli maslahata gatnaşýar
2020-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Ženewada Owganystan boýunça ýokary derejeli iki günlük maslahat öz işine başlady. Ol onlaýn görnüşinde Owganystan Yslam Respublikasynyň we Finlýandiýa Respublikasynyň Hökümetleriniň başlyklyk etmeklerinde Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde geçirilýär. Bu maslahat dünýäniň 100-den gowrak ýurtlaryndan we halkara guramalaryndan bolan ýokary derejeli wekilleri özünde jemledi. Maslahatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary i...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Katar döwletiniň Emiri bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy
2020-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini, şeýle hem sebit we halkara gurluşynyň çäklerinde özara konstruktiw gatnaşyklaryny kanagatlanma bilen bellediler. Şeýle hem taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň syýasy, söwda-ykdysady we med...
«Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky Ministrler derejesindäki duşuşygyň Bilelikdäki Beýannamasynda halkara meseleriniň çözgündinde Bitaraplyk ýörelgeleriniň ulanylmagy boýunça başlangyçlar aýratyn agzaldy
?Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky Ministrler derejesindäki 16-njy duşuşygyň jemleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamada Türkmenistanyň parahatçylygy döredijilik işlerinde we halkara gatnaşyklarynda ylalaşykly çözgütlere ýetmekde Bitaraplyk syýasatynyň ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlarynyň ähmiýeti aýratyn bent arkaly agzalyp geçildi. Hususan-da Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň 202...
Türkmenistan ÝB-niň we Merkezi Aziýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni Pariž ylalaşygynyň çäklerindäki borçnamalaryň ýerine ýetirilmeginiň zerurlygyna çekdi
Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýanyň ministrler derejesinde geçirilen maslahatynyň barşynda türkmen tarapy oňa gatnaşyjylary howanyň üýtgemeginiň meselelerine aýratyn üns bermäge çagyrdy. Bu ugurda Türkmenistanyň wekiliýeti «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatyna gatnaşýan her bir ýurduň Pariž ylalaşygynyň düzgünleriniň berjaý edilmegi ugrunda has giňişleýin tagalla etmelidiklerini belläp geçdi. Şunuň bilen baglylykda, öňde duran 12-nji dekabrda geçiriljek Howanyň üýtgemeginiň...
Türkmenistan özüniň halkara çökgünliklere garşy göreşmek gaznalarynyň donory hökmündäki ornuny pugtalandyrmaga meýillidir
?Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky ministrler derejesinde geçirilen duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň wekiliýeti syýasy, ykdysady, ynsanperwerlik, tebigy, tehnogen we beýleki sebäpler bilen baglylykda ýüze çykýan çökgünlik ýagdaýlarynyň bilelikde çözülmeginiň zerurlygyna aýratyn üns çekdi. Çökgünlikleriň öňüniň alynmagy, edil şonuň ýaly-da olaryň ýaramaz netijeleriniň peseldilmegi maksady bilen Türkmenistanyň özüniň halkara maksatnamalaryna, gaznalaryna we degişli taslamalara g...
Ministrler derejesinde geçen duşuşygyň barşynda türkmen tarapy global howpsuzlygynyň bitewiliginiň we bölünmezliginiň ýörelgelerine eýermäge çagyrdy
Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow köpugurly hyzmatdaşlygyň sebit hem-de global gün tertibiniň has derwaýys meseleleri babatynda ileri tutulýan milli ýörelgeleri beýan etdi. Hususan-da, DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ozal beýan edilen, howpsuzlyga, onuň bölünmezligi bilen häsiýetlendirilýän bitewi, tutuş aýratynlyk hökmünde seredilmegi...