SOŇKY HABARLAR
Türki döwletleriň guramasynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
Şu gün, 11-nji ýanwarda Türki döwletleriň guramasynyň Daşary işler ministrleriniň adatdan daşary onlaýn duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow gatnaşdy. R.Meredow duşuşykda çykyş edip, 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Stambul şäherinde geçirilen Türki döwletleriň guramasynyň Sammitiniň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Sammitiň dowamynda eden çyk...
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Prezidentine gynanç hatyny iberdi
2022-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewa gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutany soňky günlerde bolup geçen pajygaly wakalaryň köp adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi bilen baglylykda K.Tokaýewa hem-de ähli Gazagystanyň halkyna çuňňur gynanjyny bildirdi. Gurban bolanlaryň ähli dogan garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň, şeýle hem öz adyndan...
Türkmenistanyň Hökümet wekiliýeti türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy
Şu gün, 9-njy ýanwarda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ibragim Raisi Eýrana iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýetini kabul etdi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdiler. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň...
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Şu gün, 6-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Ilçisine Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigi mynasybetli HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň adyna ýazan hatyny gowşurdy. Mälim bolşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992...
Türkmenistan bilen BSGG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistan bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasy bilen bilelikde hyzmatdaşlygyň aýratyn ugurlary boýunça 2022-nji ýylda yzygiderli esasda geçiriljek çäreleriň sanawyny taýýarlady. Bu resminamada ýokanç keselleriň öňüni almaga gönükdirilen çäreleriň toplumynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Olaryň hatarynda: Pandemiýa kes...
Türkmenistanda 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip yglan edilmegi mynasybetli maslahat geçirildi
2021-nji ýylyň 29-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanda 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip yglan edilmegi mynasybetli maslahat geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdumyzyň daşary ýurtlarda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, mugallymlar we talyplar hem-de mili habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň çäklerinde Türkmen...
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy
2021-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy-döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammitiniň işine gatnaşmak üçin Sankt-Peterburg şäherine bardy. Türkmen döwletiniň Lideri sammitde çykyş edip, şu ýylyň ähmiýetli bolandygyny we ýurtlaryň GDA-nyň döredilmeginiň 30 ýyllygyny mynasyp belländiklerini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň tertipnamalaýyn we pudaklaýyn düzümleriniň ýygnaklarynyň, Arkalaşygyň ýurtlaryny...