RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
5 Maý

Türkmenistanyň Prezidenti Goşulyşmazlyk hereketiniň wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy

2020-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk hereketiniň COVID-19 ýokanjyna garşy durmak boýunça Utgaşdyryjy toparyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy. Onuň gün tertibine häzirki döwürde tutuş dünýä jemgyýetçiligi üçin täze, çynlakaý wehime öwrülen koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça umumy tagallalary utgaşdyrmak meseleleri girizildi. Şu gezekki ýokary derejedäki duşuşykda Goşulyşmazl...

DOWAMY
pic
2 Maý

Türkmenistan goňşy Owganystana ynsanperwer kömegini iberdi

2020-nji ýylyň 2-nji maýynda Türkmenistan Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwer kömegini iberdi. Degişli karara Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan 30-njy aprelde gol çekildi. Goňşy ýurduň Farýab welaýatynyň häkimi we wekilleri türkmen halkynyň adyndan ýollanan kömegi minnetdarlyk bilen kabul etdiler hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň halkyna berýän hemmetaraplaýyn goldawy we ýardamy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýürekden çykýan sag bolsunlaryny beýan e...

DOWAMY
pic
1 Maý

KHBS üçin habar

30-njy aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ABŞ-niň Döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Dewid Heýl bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi, onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen bagly bolan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunlukda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli gatnaşyklaryň döwletara özarahereketleriniň möhüm guraly bolup durýandygy bellenilip geçildi. Häzirki ýagdaýlarda özara go...

DOWAMY
pic
30 Apr

KHBS üçin habar

Şu gün, 30-njy aprelinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-ýapon komitetiniň işiniň çäklerinde wideo-konferensiýa arkaly gepleşikler geçirildi, oňa Komitetiň başlyklary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow we «Itoçu Korporeýşn» kompaniýasynyň Dolandyryjy ýerine ýetiriji direktory, Ulaglar we enjamlar kompaniýasynyň Prezidenti Hiroýuki Subaý dagylar gatnaşdylar. Taraplar ýokary döwlet hem-de hökümet derejesinde alnyp barylýan Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky...

DOWAMY
pic
30 Apr

KHSB üçin habar

2020-nji ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammad Jawad Zarif bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi, onuň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.   Şunuň bilen baglykda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň arasynda düýn geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda...

DOWAMY
pic
30 Apr

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2020-nji ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Hasan Ruhani mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli birek-birege gutlaglaryny aýdyp, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny beýan etdiler. Söhbetdeşler telefon arkaly gürrüňdeşligiň barşynda netijeli döwletara g...

DOWAMY
pic
30 Apr

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň we Irlandiýanyň Daşary işler ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2020-nji ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Irlandiýanyň Daşary işler we söwda ministri Saýmon Kowniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Ministrler syýasy-diplomatik ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Sebit we halkara gün tertibiniň esasy meselelerine seredilip geçildi, şol sanda pandemiýanyň garşysyna gönükdirilen göreşde ýurtlaryň arasyndaky raýdaşlygyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Dipl...

DOWAMY