SOŇKY HABARLAR
Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda türkmen-azerbaýjan özaragatnaşyklarynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2020-nji ýylyň 30-njy iýulynda Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri Raşid Meredowyň we Jeýhun Baýramowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda öz kärdeşini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy dostlukly azerbaýjan halkynyň bähbidine gönükdirilen işinde uly üstünlikleri we ýokary netijeliligi arzuw etdi. Ministrler şeýle-de Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasyndaky syýasy-diplomatik,...
Aşgabatda BSG we ÝUNISEF- iň KHBS-ri üçin pandemiýanyň öňüni alyş çäreleri boýunça netijeli maglumat alyş-çalşygyny üpjün etmek barada bilelikdäki brifingi geçirildi
2020-nji ýylyň 28-nji iýulynda Aşgabatda BSG we ÝUNISEF-iň KHBS-ri üçin pandemiýanyň öňüni alyş çäreleri boýunça netijeli maglumat alyş-çalşygny üpjün etmek barada wideokonferensiýa görnüşinde bilelikdäki brifing geçirildi. Onlaýn görnüşinde geçen brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ýurtda akkreditirlenen halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri gatnaşdylar. Wideokonferensiýanyň başynda giriş sözi bilen, BSG-niň ýurt...
Пресс-релиз
27 июля 2020 года по каналам телерадиокомпании «Мир» транслировалось сообщение ее собственного корреспондента в Республике Таджикистан Азамата Зияева, в котором прозвучала информация о том, что причиной ожидаемой в ближайшие дни в Таджикистане жаркой погоды послужил поток теплого воздуха, поступивший из Ирана через территорию Туркменистана. Туркменская сторона рассматривает такое заявление как профессионально неграмотное и подчеркивает, что многолетние наблюдения гидрометеорологических центро...
Telefon arkaly söhbeteşligiň dowamynda türkmen-britan gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy
2020-nji ýylyň 23-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Daşary işler we Arkalaşygyň işleri boýunça ministriniň parlamentar orunbasary, Ýewropa hoşniýetli goňşuçylyk we Amerika işleri boýunça ministri hanym Wendi Morton bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Taraplar özara gyzyklanma döredýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik...
Türkmenistana Bütindünýä söwda guramasynyň synçysy derejesi berildi
2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherindäki Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) ştab kwartirasynda Bütindünýä söwda guramasynyň Baş Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde goşulmagy hakyndaky ýüzlenmä seredildi. Türkmen tarapyndan mejlise Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili, şeýle-de sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Söwda...
Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi
2020-nji ýylyň 18-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-niň edara binasynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Adalatçysy, ýurduň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy Ýelena Panowa we ÝHHG-n...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatyndaky ministrler derejesindäki birinji duşuşyga gatnaşdy
2020-nji ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatyndaky ministrler derejesindäki birinji duşuşygyna sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy. Mejlise Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrleri gatnaşdylar. Konstruktiw ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik ug...