SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2020-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy institutlarynyň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary hem-de talyplary, diplomatik we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary şeýle-de KHBS-niň wekil...
Türkmenistan bilen Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
2020-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gruziýanyň Daşary işler ministri Dawid Zalkaliani bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda ministrler ikitaraplaýyn gün tertibi bilen bagly derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini nygtap geçdiler. Türkmenistan bilen Gruziýanyň halkara guramalaryň, hususan-da Birleşen Milletler Guramasynyň...
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Italiýa Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2020-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň barşynda milli Liderimiz 2019-njy ýylyň noýabrynda Italiýa bolan saparyny aýratyn mähirlilik bilen ýatlaýandygyny nygtady. Şol saparyň barşynda Rimde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda özara gatnaşyk...
Aşgabatda Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň esaslandyryjy mejlisi geçirildi
2020-nji ýylyň 31-nji awgustynda Aşgabatda Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň esaslandyryjy mejlisi geçirildi, oňa onlaýn görnüşinde dünýäniň 10-dan gowrak ýurtlaryndan öňdebaryjy hünärmenler we itşynaslar gatnaşdylar. Mejlise jemi 200 golaý wekil gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjyny durmuşa geçirmek maksady bilen Aşgabatda Türkmen alabaý itleri assosiasiýasy döredildi. Gün tertibine laýyklykda, mejlisiň başynda oňa...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
2020-nji ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, döwletara hyzmatdaşlygyň örän wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligine kanagatlanma bildirdiler. Netijeli gepleşikleriň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Günorta Koreýanyň ýolbaşçylygyna türkmen-koreý gatnaşykl...
Ministrler derejesindäki gepleşikleriň barşynda türkmen-eýran ykdysady hyzmatdaşlygynyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2020-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministri Mohammad Eslaminiň arasynda onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ministrler Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky işjeň häsiýete eýe bolan gepleşikleriň ýokary derejesini hem-de iki ýurduň baştutanlarynyň dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy kämilleşdirmäge bolan ygrarlylyklaryny nygtap geçdiler. Taraplar ikitaraplaýyn gü...
Türkmenistanyň Mejlisi birnäçe halkara resminamalaryna goşulmak boýunça kararlary kabul etdi
2020-nji ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagrylyşynyň onunjy maslahaty sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagyna, onuň hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi hem-de birnäçe ähmiýetli halkara-hukuk...