RSS

SOŇKY HABARLAR

18 Noý

Türkmenistan ÝB-niň we Merkezi Aziýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni Pariž ylalaşygynyň çäklerindäki borçnamalaryň ýerine ýetirilmeginiň zerurlygyna çekdi

Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýanyň ministrler derejesinde geçirilen maslahatynyň barşynda türkmen tarapy oňa gatnaşyjylary howanyň üýtgemeginiň meselelerine aýratyn üns bermäge çagyrdy. Bu ugurda Türkmenistanyň wekiliýeti «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatyna gatnaşýan her bir ýurduň Pariž ylalaşygynyň düzgünleriniň berjaý edilmegi ugrunda has giňişleýin tagalla etmelidiklerini belläp geçdi. Şunuň bilen baglylykda, öňde duran 12-nji dekabrda geçiriljek Howanyň üýtgemeginiň...

DOWAMY
18 Noý

Türkmenistan özüniň halkara çökgünliklere garşy göreşmek gaznalarynyň donory hökmündäki ornuny pugtalandyrmaga meýillidir

?Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky ministrler derejesinde geçirilen duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň wekiliýeti syýasy, ykdysady, ynsanperwerlik, tebigy, tehnogen we beýleki sebäpler bilen baglylykda ýüze çykýan çökgünlik ýagdaýlarynyň bilelikde çözülmeginiň zerurlygyna aýratyn üns çekdi. Çökgünlikleriň öňüniň alynmagy, edil şonuň ýaly-da olaryň ýaramaz netijeleriniň peseldilmegi maksady bilen Türkmenistanyň özüniň halkara maksatnamalaryna, gaznalaryna we degişli taslamalara g...

DOWAMY
18 Noý

Ministrler derejesinde geçen duşuşygyň barşynda türkmen tarapy global howpsuzlygynyň bitewiliginiň we bölünmezliginiň ýörelgelerine eýermäge çagyrdy

Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow köpugurly hyzmatdaşlygyň sebit hem-de global gün tertibiniň has derwaýys meseleleri babatynda ileri tutulýan milli ýörelgeleri beýan etdi.  Hususan-da, DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ozal beýan edilen, howpsuzlyga, onuň bölünmezligi bilen häsiýetlendirilýän bitewi, tutuş aýratynlyk hökmünde seredilmegi...

DOWAMY
18 Noý

Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky Ministrler derejesindäki 16-njy duşuşyga gatnaşdy

2020-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň Wise-prezidenti Jozep Borelliň gatnaşmagynda «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky Ministrler derejesindäki 16-njy duşuşyk geçirildi. Duşuşyga şonuň ýaly-da Ýewropa Komissiýasynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissary Ýutta Urpilaýnen hem gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar mejlisiň gün tertibine girizilen iki mesele, has takygy ÝB-niň...

DOWAMY
17 Noý

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Ýaponiýanyň täze bellenen Ilçisini kabul etdi

2020-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi Hiroýuki Ýamamoto bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi Hiroýuki Ýamamoto daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyna özüniň ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda diplomatlar döwletara we pudagara derejesinde türkmen-ýapon hyz...

DOWAMY
17 Noý

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Italiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirdi

2020-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Italiýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Luçiano Galli bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, R.Meredow oňa türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen işinde üstünlikleri we täze sepgitleri arzuw etdi. Diplomatlar ýokary derejedäki özaragatnaşyklaryň ulgamlaýyn häsiýetini belläp geçdiler. Döwlet baştutanlarynyň arasyndaky önje...

DOWAMY
6 Noý

Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň gatnaşmagynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edýändir

Şu gün, 6-njy noýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Mejlisiň barşynda taraplar özara gyzyklanma döredýän meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bilelikdäki işleriň syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer aýratynlyklaryna seredilip geçildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow assosiirlenen agzasy hökmünde Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň...

DOWAMY