SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan ÝHHG bilen energiýa howpsuzlygy we durnukly ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy berkitmegi teklip edýär
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid bilen wideoaragatnaşyk arkaly geçiren duşuşygynda energiýa howpsuzlygynyň we durnukly ulag ulgamynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar sebit we global ösüş nukdaýnazaryndan, energiýa serişdelerine durnukly elýeterliligiň ähmiýetini nygtadylar. Türkmen tarapynyň belleýşi ýaly, dünýäde energiýa serişdeleriniň iri öndürijileriniň we üpjün edijileriniň biri bolmak bilen,Türkmenistan olaryň dünýä b...
Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasynda howpsuzlyk ugrunda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine seredildi
2021-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary Helga Şmid bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň ÝHHG bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilelikdäki hereketleriň üç ölçeg esasynda durmuşa geçirilmegi boýunça işjeň pikirler alyşyldy. Sebitde howpsuzlygy üpjün etmek, şol sanda terrorçylyga, neşe serişd...
Türkmenistan we Saud Arabystany energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar
2021-nji ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň «Somo Al Mamlakah» Saud kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Abdullah Al Şugairi bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi. Işjeň gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň nebitgaz, himiýa senagaty we maýa goýum ulgamlarynda özara bähbitli gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ygrarlydyklaryny belläp geçdiler. Şunlukda, öň gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek maksady...
Türkmenistan jenaýatçylygyň öňünden duýdurylmagy we jenaýat adalatlylygy boýunça BMG-niň 14-nji Kongresine gatnaşdy
Türkmenistanyň Baş prokurorynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti 2021-nji ýylyň 7-12-nji marty aralygynda Ýaponiýanyň Kioto şäherinde onlaýn görnüşinde geçirilen jenaýatçylygyň öňünden duýdurylmagy we jenaýat adalatlygy boýunça BMG-niň 14-nji Kongresine gatnaşdy. Çärä 150-den gowrak agza-döwletleriň hem-de halkara guramalarynyň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar. Ýaponiýanyň Ýustisiýa ministri Ýoko Kamikawa 14-nji Kongresiň Başlyklygyna saýlandy. Çäräniň açylyş dabarasyna Ýaponiýanyň Premýer-m...
Türkmenistan Halkara zähmet guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydyr
2021-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Baş direktory Gaý Raýder bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Global pandemiýanyň dünýäde durmuş-ykdysady ýagdaýlara edýän täsiri we sebit hem-de halkara derejelerindäki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň milli derejedäki h...
Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministriniň Türkmenistana sapary
2021-nji ýylyň 5-nji martynda Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu Aşgabada iki günlük iş sapary bilen geldi. 6-njy martda saparynyň çäklerinde Türkiýäniň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Türkmenistanyň Prezidenti iki ýurduň arasyndaky dostluk, doganlyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berdi. Soňra Türkiýe Respublikasynyň Daşary işle...
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 14-nji Sammitine gatnaşdy
2021-nji ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 14-nji Sammitine gatnaşdy. 2021-nji ýylda YHG-da başlyklygyň Türkmenistana geçendigini bellemek zerurdyr. “Pandemiýadan soňky döwürde sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk” atly tema boýunça geçirilen bu Sammite YHG-nyň agza ýurtlarynyň Döwlet we Hökümet Baştutanlary hem-de halkara guramalaryň, hususan-da, Energetika Hartiýasynyň w...